Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di
Syýasy habarlar
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di
Çap edildi 15.09.2026
23

Şu gün Ko­re­ýa döw­let sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti Li Çže Mýo­nuň ara­syn­da iki­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, hor­mat­ly Prezidentimiz 14-nji sent­ýabr­da döw­let sa­pa­ry bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­na bar­dy.

Ir bi­len döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Milli gahrymanlarynyň ýa­dy­gär­li­gi­ne bar­dy. Bu ýer­de Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň es­ger­le­ri ny­za­ma dü­zü­lip­dir. Hor­mat­ly Prezidentimiz Ko­re­ýa­nyň milli gahrymanlaryny ha­ty­ra­lap, ýa­dy­gär­li­ge gül des­se­le­ri­ni goý­dy. Soň­ra Arkadagly Gahryman Serdarymyz ko­reý hal­ky­nyň däp-des­sur­la­ry­na hor­ma­tyň ny­şa­ny hök­mün­de agaç bö­le­jik­le­ri­ni içi köz­li ýö­ri­te gu­ty­nyň içi­ne at­dy. Mu­nuň özi gel­jek ne­sil­le­riň aba­dan dur­mu­şy üçin şi­rin ja­ny­ny pi­da eden gahrymanlary ha­ty­ra­la­mak ýa­ly türk­men we ko­reý halk­la­ry­na mah­sus däp­le­riň do­wa­ma­ta ata­ryl­ýan­dy­gy­nyň be­ýa­ny bol­dy.

Ma­tam sa­zy ýaň­lan­ýar. Ko­re­ýa­nyň milli gahrymanlaryny ha­ty­ra­la­mak da­ba­ra­sy ta­mam­la­nan­dan soň­ra, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Hor­mat­ly myh­man­lar ki­ta­byn­da ýa­dy­gär­lik ýaz­gy gal­dyr­dy.

Soň­ra hor­mat­ly Prezidentimiz Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň «Çhon­wa­de» köş­gü­ne ta­rap ug­ra­dy. Köş­güň öňün­de milli ko­reý ly­ba­syn­da­ky har­by­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň aw­tou­lag ker­we­ni­niň ýa­ny bi­len da­ba­ra­ly ýö­re­di­ler. Mu­nuň özi be­lent mer­te­be­li myh­ma­na go­ýul­ýan çuň­ňur hor­ma­tyň ny­şa­ny­dyr. Bu ýer­de hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti Li Çže Mýon mä­hir­li gar­şy­la­dy. «Çhon­wa­de» köş­gün­de Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentini res­mi gar­şy­la­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di.

Iki ýur­duň Prezidentleri bi­le­lik­de bel­le­nen ýe­re bar­ýar­lar. Soň­ra iki ýur­duň Döw­let se­na­la­ry ýaň­lan­dy. Döw­let Baş­tu­tan­la­ry Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň es­ger­le­ri­niň ny­za­my­nyň öňün­den geç­ýär­ler we Ko­re­ýa­nyň Milli go­şu­ny­nyň baý­da­gy­ny sar­pa­la­ýar­lar. Prezidentler iki ýur­duň Döw­let baý­dak­la­ry­ny gö­te­rip du­ran ça­ga­la­ry mü­bä­rek­le­ýär­ler.

Hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň, Prezident Li Çže Mýon bol­sa ýur­du­my­zyň res­mi we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry bi­len ta­nyş­dy­ryl­ýar. We­ki­li­ýet­ler bi­len ta­nyş­lyk ta­mam­la­nan­dan soň­ra, iki ýur­duň döw­let Baş­tu­tan­la­ry «Çhon­wa­de» köş­gü­niň içi­ne gir­ýär­ler. Köş­güň eý­wa­nyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Hor­mat­ly myh­man­lar ki­ta­by­na ýa­dy­gär­lik ýaz­gy gal­dyr­dy. Iki ýur­duň Döw­let baý­dak­la­ry­nyň öňün­de res­mi su­ra­ta düş­mek da­ba­ra­syn­dan soň­ra, hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti Li Çže Mýo­nuň ara­syn­da iki­çäk du­şu­şyk ge­çi­ril­di.

Prezident Li Çže Mýon be­lent mer­te­be­li türk­men myh­ma­ny­ny mä­hir­li mü­bä­rek­läp, ça­ky­ly­gy ka­bul edip Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­na ge­len­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­dir­di hem-de öza­ra hor­mat goý­mak we yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da ös­dü­ril­ýän ko­reý-türk­men gat­na­şyk­la­ry­nyň hä­zir­ki ýo­ka­ry de­re­je­si­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di.

Hor­mat­ly Prezidentimiz döw­let sa­pa­ry bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­na gel­mä­ge ça­ky­lyk üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, şu sa­pa­ryň ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di hem-de müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, türk­men hal­ky­nyň Milli Liderine mä­hir­li sa­la­my­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di. Ko­re­ýa­nyň Prezidenti Gahryman Arkadagymyza iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan edip, ko­reý-türk­men gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da türk­men hal­ky­nyň Milli Lideriniň ägirt uly go­şan­dy­ny bel­le­di.

Hor­mat­ly Prezidentimiz Türk­me­nis­ta­nyň Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy bi­len iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Hä­zir­ki wagt­da Ko­re­ýa ýur­du­my­zyň Azi­ýa — Ýu­waş um­man se­bi­tin­de mö­hüm hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar öza­ra hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär.

Soň­ra gep­le­şik­ler iki ýur­duň we­ki­li­ýet­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de do­wam et­di.

Prezident Li Çže Mýon döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy ýe­ne-de bir ge­zek mä­hir­li mü­bä­rek­läp, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da­ky döw­le­ta­ra dia­lo­gyň öza­ra hor­mat goý­mak, yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di hem-de hor­mat­ly Prezidentimiziň şu döw­let sa­pa­ry­nyň iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hyn­da tä­ze sa­hy­pa­ny ala­mat­lan­dyr­jak­dy­gy­na, kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy iler­let­mä­ge kuw­wat­ly iter­gi ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Ko­reý Lideri Türk­me­nis­ta­nyň te­bi­gy se­riş­de­le­riň ägirt uly gor­la­ry­na eýe bo­lan, yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly ýurt­du­gy­ny aý­dyp, Ko­re­ýa­nyň öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, giň möç­ber­li bi­le­lik­dä­ki taslamalaryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi di­ňe bir se­na­gat koo­pe­ra­si­ýa­sy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni gör­kez­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, iki döw­le­tiň halk­la­ry­nyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne hem hyz­mat ed­ýär.

Ko­re­ýa­nyň Prezidenti müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, ko­reý kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň türk­men ba­za­ryn­da ne­ti­je­li iş­le­me­gi ba­bat­da dö­re­dil­ýän amat­ly şert­ler üçin hor­mat­ly Prezidentimize ho­şal­lyk bil­di­rip, öz ýur­du­nyň hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Şeý­le-de Prezident Li Çže Mýon se­bit­de çyl­şy­rym­ly sy­ýa­sy dart­gyn­ly­lyk döw­rün­de Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ra­ýat­la­ry­ny Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­den üs­ta­şyr ge­çir­mä­ge dö­re­di­len müm­kin­çi­lik hem-de ber­len gol­daw üçin türk­men ta­ra­py­na aý­ra­tyn ho­şal­lyk bil­di­rip, bu yn­san­per­wer çä­rä­niň öza­ra gat­na­şyk­la­ryň dost­luk­ly hä­si­ýe­ti­ne şa­ýat­lyk ed­ýän­di­gi­ne ün­si çek­di.

Hor­mat­ly Prezidentimiz döw­let sa­pa­ry bi­len gel­mek ba­ra­da­ky ça­ky­lyk hem-de bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň adyn­dan min­net­dar­lyk bil­di­rip, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­na il­kin­ji döw­let sa­pa­ry­nyň iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le-de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz türk­men-ko­reý gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek­de Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýy­lyň no­ýab­ryn­da Ko­re­ýa amala aşy­ran sa­pa­ry­nyň aý­ra­tyn orun eýe­le­ýän­di­gi­ni aý­dyp, şol sa­pa­ryň iki ýur­duň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hyn­da mö­hüm wa­ka bo­lan­dy­gy­ny, hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň bu hyz­mat­daş­ly­gy tä­ze ugur­lar bi­len has-da ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­ny, hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­ýan­dy­gy­na ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­ni aý­dyp, öz no­ba­tyn­da, Türk­me­nis­ta­nyň hem Ko­re­ýa­nyň dün­ýä gün ter­ti­bi­niň wa­jyp me­se­le­le­ri­niň en­çe­me­si bo­ýun­ça ga­ra­ýyş­la­ry­na hor­mat goý­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len ka­bul edi­len Kararnamalaryny he­mi­şe gol­dap çy­kyş et­di. Türk­me­nis­tan hem Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň bu ugur­da­ky baş­lan­gyç­la­ry­na gol­daw ber­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Prezidentimiz ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da Baş As­samb­le­ýa ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len «2028-nji ýyl — Hal­ka­ra hu­kuk ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma­ny Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň gol­dan­dy­gy we onuň aw­tor­da­şy bo­lup çy­kyş eden­di­gi üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gel­jek ýyl Türk­me­nis­tan bi­len Ko­re­ýa­nyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­na 35 ýyl dol­ýan­dy­gy­ny, mu­nuň iki hal­kyň we döw­le­tiň ta­ry­hyn­da mö­hüm äh­mi­ýet­li se­ne­di­gi­ni hem-de iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýän­di­gi­ni aý­dyp, bu şan­ly se­nä­ni iki ýurt­da hem giň­den bel­le­me­gi, ony ma­ny-maz­mun taý­dan baý­laş­dyr­ma­gy tek­lip et­di.

Söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk­da aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýär. Ýur­du­myz ko­reý kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň türk­men ba­za­ryn­da alyp bar­ýan işi­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär. Ola­ryň gat­naş­ma­gyn­da stra­te­gik taý­dan äh­mi­ýet­li taslamalaryň bir­nä­çe­si dur­mu­şa ge­çi­ril­di we bu iş­ler do­wam et­di­ril­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan­da jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry­nyň esa­sy bö­le­gi­ni Ko­re­ýa­da ön­dü­ri­len aw­to­bus­la­ryň we ýe­ňil aw­tou­lag­la­ryň düz­ýän­di­gi­ni, gä­mi­gur­lu­şyk pu­da­gyn­da ko­reý kom­pa­ni­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­la goý­lan­dy­gy­ny, Arkadag şä­he­rin­de luk­man­çy­lyk klas­te­ri­niň tas­la­ma­sy­ny amala aşyr­ma­ga-da ko­reý kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gat­naş­ýan­dy­gy­ny bel­läp, ýur­du­my­zyň ma­ýa go­ýum, söw­da, ener­ge­ti­ka, se­na­gat, hi­mi­ýa se­na­ga­ty, de­mir ýol ulag­la­ry, eme­li aň, ylym, teh­no­lo­gi­ýa­lar, suw se­riş­de­le­ri­ni do­lan­dyr­mak, eko­lo­gi­ýa ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy.

Hor­mat­ly Prezidentimiz söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek­de Söw­da, yk­dy­sa­dy, yl­my we teh­no­lo­gik hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-ko­reý to­pa­ry­nyň alyp bar­ýan işi­niň äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, ulag ul­ga­myn­da bi­le­lik­dä­ki iş­ler üçin uly müm­kin­çi­lik­le­riň açyl­ýan­dy­gy­na ün­si çek­di. Ýur­du­myz Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­na Azi­ýa — Ýu­waş um­man se­bi­tin­de örän wa­jyp hyz­mat­daş hök­mün­de ga­ra­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan Gün­do­gar — Gün­ba­tar we De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta ugur­la­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­la­ry bi­len bi­le­lik­de üs­ta­şyr ulag, lo­gis­ti­ka üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň köp­şa­ha­ly ug­ru­ny dö­red­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň ko­reý kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bu taslamalara gat­naş­ma­gy­ny gol­da­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.

Türk­me­nis­tan yn­san­per­wer ul­gam­da-da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge äh­mi­ýet ber­ýär. Iki ýurt­da hem sun­gat us­sat­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da me­de­ni çä­re­le­ri ge­çir­me­giň uly tej­ri­be­si top­lan­dy. Öza­ra Me­de­ni­ýet gün­le­ri üs­tün­lik­li ge­çi­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Arkadagly Gahryman Serdarymyz 16-njy sent­ýabr­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň no­bat­da­ky Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­nyň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni aý­dyp, ýur­du­my­zyň giň ge­rim­li me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di.

Ylym-bi­lim ul­ga­my hem hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Yl­my iş­ler, sag­ly­gy go­ra­ýyş, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­ler bar.

Hor­mat­ly Prezidentimiz sa­pa­ryň iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry has-da gi­ňelt­mä­ge gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni, ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň bol­sa iki döw­le­tiň öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, türk­men ta­ra­py­nyň bu sa­pa­ryň ne­ti­je­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ge­çi­ri­len ne­ti­je­li gep­le­şik­ler, iki ýur­duň ara­syn­da­ky dost­lu­gy we hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge taý­ýar­dy­gy üçin ko­reý ta­ra­py­na min­net­dar­lyk bil­di­rip, Prezident Li Çže Mýo­ny gel­jek ýyl­da Türk­me­nis­ta­na sa­par bi­len gel­mä­ge ça­gyr­dy hem-de müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, Ko­re­ýa­nyň hal­ky­na pa­ra­hat­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk ar­zuw et­di.

Soň­ra iki ýur­duň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da iki­ta­rap­la­ýyn resminamalary alyş­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Şol resminamalaryň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da ma­ýa go­ýum­la­ry hö­wes­len­dir­mek we go­ra­mak ha­kyn­da Yla­la­şyk; Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da güm­rük me­se­le­le­rin­de hyz­mat­daş­lyk et­mek we öza­ra ýar­dam ber­mek ha­kyn­da Yla­la­şyk; «Türk­men­hi­mi­ýa» döw­let kon­ser­ni bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Söw­da, se­na­gat we se­riş­de­ler mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da we se­na­gat gur­lu­şy­gyn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Suw ho­ja­ly­gy ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ho­wa, ener­ge­ti­ka we daş­ky gur­şaw mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da suw se­riş­de­le­ri­ni do­lan­dyr­mak ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Gen­der deň­li­gi we maş­ga­la mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da ýaş­lar ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň In­tel­lek­tu­al eýe­çi­lik mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da in­tel­lek­tu­al eýe­çi­lik ba­bat­da äh­li­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Ada­lat mi­nistr­li­gi bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýus­ti­si­ýa mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da hu­kuk we ýus­ti­si­ýa ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Baş pro­ku­ra­tu­ra­sy bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýo­ka­ry pro­ku­ra­tu­ra­sy­nyň ara­syn­da transmilli gu­ra­ma­çy­lyk­ly je­na­ýat­la­ra gar­şy gö­reş­mek­de hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let güm­rük gul­lu­gy bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ko­re­ýa Güm­rük gul­lu­gy­nyň ara­syn­da ser­het­de in­tel­lek­tu­al eýe­çi­lik hu­ku­gy­ny go­ra­mak ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ko­re­ýa Milli po­li­si­ýa agent­li­gi­niň ara­syn­da po­li­si­ýa hyz­mat­daş­ly­gy ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýer, inf­rast­ruk­tu­ra we ulag mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da inf­rast­ruk­tu­ra ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň De­mir ýol ulag­la­ry mi­nistr­li­gi bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýer, inf­rast­ruk­tu­ra we ulag mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da de­mir ýol ulag­la­ry ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ko­reý to­kaý gul­lu­gy­nyň ara­syn­da to­kaý­la­ry san­ly gör­nüş­de di­kelt­mek we ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma bar.

Soň­ra hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hor­ma­ty­na Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti Li Çže Mýo­nuň adyn­dan res­mi ka­bul ediş­lik gu­ral­dy.

Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da Arkadagly Gahryman Serdarymyz Song­ýung­wan uni­wer­si­te­ti­ne gel­di. Bu ýer­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy uni­wer­si­te­tiň ýol­baş­çy­sy Ýu Ji Bom mä­hir­li gar­şy­la­dy. Soň­ra hor­mat­ly Prezidentimiz we Song­ýung­wan uni­wer­si­te­ti­niň ýol­baş­çy­sy bi­le­lik­de bu ýer­de ýaý­baň­lan­dy­ry­lan Türk­me­nis­ta­nyň ylym, bi­lim, me­de­ni­ýet ul­gam­la­ryn­da ýe­ten sep­git­le­ri­ne, amaly-ha­şam sun­ga­ty­na ba­gyş­la­nan ser­gi bi­len ta­nyş­dy­lar.

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň ýaş­la­ry­nyň bi­lim al­mak­la­ry, hü­när taý­dan kä­mil­leş­mek­le­ri üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Ila­tyň ylym-bi­lim de­re­je­si­niň ýo­ka­ry bol­ma­gy, edil sag­lyk ýa­ly, her bir ýur­duň gym­mat­ly baý­ly­gy bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu ser­gi­de ýur­du­my­zyň ylym-bi­lim kuw­wa­ty bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­mak müm­kin bol­dy. Amaly-ha­şam sun­ga­ty­na ba­gyş­la­nan bö­lüm ser­gä aý­ra­tyn öwüş­gin çaý­ýar. Bö­lüm­de dün­ýä bel­li türk­men el ha­ly­la­ry, kü­müş­den ýa­sa­lan şaý-sep­ler hem bar.

Soň­ra hor­mat­ly Prezidentimiz hem-de Ýu Ji Bom uni­wer­si­te­tiň uly mas­la­hat­lar za­ly­na bar­dy­lar. Bu ýer­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Song­ýung­wan uni­wer­si­te­ti­niň sy­ýa­sy ylym­la­ryň hor­mat­ly dok­to­ry de­re­je­si­ni ber­mek da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Da­ba­ra­nyň ba­şyn­da ýyg­na­nan­lar il­ki hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bi­ti­ren hyz­mat­la­ry bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň baş­tu­tan­ly­gyn­da we baý sy­ýa­sy tej­ri­be­si esa­syn­da bü­tin dün­ýä­de dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra guramalaryň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­ly­gy tä­ze de­re­jä çy­kar­mak ug­run­da uly iş­ler amala aşy­ryl­ýar. Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň do­lan­dyr­mak ba­şar­nyk­la­ry esa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň döw­let ösü­şi­ni, hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň ab­ra­ýy­ny art­dyr­mak ba­bat­da bi­ti­ren hyz­mat­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýär.

Hor­mat­ly Prezidentimiz 20 ýyl­dan gow­rak wag­tyň do­wa­myn­da döw­let eda­ra­la­ryn­da, şol san­da da­şa­ry iş­ler, ener­ge­ti­ka, se­na­gat önüm­çi­li­gi we yk­dy­sa­dy­ýet ýa­ly giň ugur­lar­da baý iş tej­ri­be­si­ne eýe bo­lup, Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti we­zi­pe­si­ne bi­ra­gyz­dan saý­la­nyl­dy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş­tu­tan­ly­gyn­da san­ly ul­ga­ma geç­mek, se­na­ga­ty döw­re­bap­laş­dyr­mak ýa­ly wa­jyp öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şeý­le hem san­ly do­lan­dy­ryş ul­ga­my, mag­lu­mat we kom­mu­ni­ka­si­ýa inf­rast­ruk­tu­ra­sy döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar, im­port edil­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tut­ýan ýer­li önüm­çi­li­giň ös­dü­ril­me­gi bi­len, milli yk­dy­sa­dy­ýet di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ry­lyp, dur­nuk­ly ösüş üp­jün edil­ýär.

Soň­ra Song­ýung­wan uni­wer­si­te­ti­niň ýol­baş­çy­sy Ýu Ji Bom çy­kyş edip, hor­mat­ly Prezidentimizi we ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry­ny mä­hir­li mü­bä­rek­le­di hem-de şu da­ba­ra­nyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di.

Ýu Ji Bom döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Song­ýung­wan uni­wer­si­te­ti­niň sy­ýa­sy ylym­la­ryň hor­mat­ly dok­to­ry de­re­je­si­niň be­ril­me­gi­niň iki döw­le­tiň ara­syn­da ke­ma­la ge­len yl­my we dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň aý­dyň be­ýa­ny­dy­gy­ny aýt­dy. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, hor­mat­ly Prezidentimiziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da, baý sy­ýa­sy tej­ri­be­si esa­syn­da Türk­me­nis­tan dur­nuk­ly ös­ýän döw­let­le­riň ha­ta­ryn­da or­nu­ny ber­kit­di. Türk­men hal­ky­nyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­dä­ki ab­ra­ýy­ny art­dyr­mak ug­run­da uly iş­ler amala aşy­ryl­dy. Bu iş­ler 1398-nji ýyl­da dö­re­di­lip, 600 ýyl­dan gow­rak ta­ry­hy bo­lan ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­ne ga­bat gel­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Song­ýung­wan uni­wer­si­te­ti hor­mat­ly Prezidentimize sy­ýa­sy ylym­la­ryň hor­mat­ly dok­to­ry de­re­je­si­ni ber­mek ka­ra­ry­na gel­di.

Ka­rar­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, da­şa­ry iş­ler, ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk, ýer­li do­lan­dy­ryş we yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça gi­ňiş­le­ýin tej­ri­be­si, Türk­me­nis­ta­nyň döw­let ösü­şi­ne ýol­baş­çy­lyk edip, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek, milli yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak ar­ka­ly dur­nuk­ly döw­let ösü­şi­niň bin­ýa­dy­ny go­ýan­dy­gy, şeý­le-de Bi­ta­rap da­şa­ry sy­ýa­sa­ty alyp bar­mak we se­bi­tiň döw­let­le­ri­niň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek bo­ýun­ça ta­gal­la edip, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň sy­ýa­sy dur­nuk­ly­ly­gy­na, yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne uly go­şant go­şan­dy­gy­ny göz öňün­de tu­tup, As­pi­ran­tu­ra ko­mi­te­ti­niň ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Song­ýung­wan uni­wer­si­te­ti­niň sy­ýa­sy ylym­la­ryň hor­mat­ly dok­to­ry de­re­je­si be­ril­di.

Bu de­re­je Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň yl­my­na we me­de­ni­ýe­ti­ne aý­ra­tyn go­şan­dy ýa-da adam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň ösü­şin­de uly hyz­mat­la­ry yk­rar edi­len şah­sy­ýet­le­re be­ril­ýär. 1957-nji ýyl­da bu de­re­jä­niň il­kin­ji ge­zek gow­şu­ry­lyp baş­lan pur­sa­dyn­dan bä­ri ol ba­ry-ýo­gy 101 ada­ma, şol san­da 2015-nji ýyl­da türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowa be­ril­di.

Çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da Ýu Ji Bom hor­mat­ly Prezidentimizi sy­ýa­sy ylym­la­ryň hor­mat­ly dok­to­ry de­re­je­si­niň be­ril­me­gi bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­dy hem-de iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di.

Soň­ra hor­mat­ly Prezidentimize de­giş­li dip­lom gow­şu­ryl­dy. Dip­lom gow­şu­ry­lan­dan soň­ra, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz uni­wer­si­te­tiň ýol­baş­çy­sy hem-de as­pi­ran­tu­ra fa­kul­te­ti­niň de­ka­ny bi­len bi­le­lik­de ýa­dy­gär­lik su­ra­ta düş­di.

Soň­ra çy­kyş et­mek üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza söz be­ril­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sy­ýa­sy ylym­la­ryň hor­mat­ly dok­to­ry di­ýen ýo­ka­ry adyň ber­len­di­gi üçin Song­ýung­wan uni­wer­si­te­ti­niň ýol­baş­çy­la­ry­na we äh­li iş­gär­le­ri­ne tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­di­rip, Ko­re­ýa­nyň örän meş­hur hem-de 6 asyr­dan hem gow­rak ta­ry­hy bo­lan ga­dy­my ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň bi­ri­niň ýokary akademik derejesini al­ma­gyň özi üçin uly hor­mat­dy­gy­ny bel­le­di. Hor­mat­ly Prezidentimiz bu sy­la­gy Türk­me­nis­ta­na go­ýul­ýan ýo­ka­ry hor­ma­tyň, ýur­du­my­zyň ýe­ten de­re­je­si­niň yk­rar edil­me­gi­niň, Türk­me­nis­tan bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň aý­dyň ny­şa­ny hök­mün­de ka­bul ed­ýän­di­gi­ni aý­dyp, bi­lim ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň bu gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni nyg­ta­dy.

“Soň­ky ýyl­lar­da iki döw­le­tiň Hö­kü­met­le­ri­niň gol­daw ber­me­gin­de ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da gö­ni gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de oňyn ne­ti­je­ler ga­za­nyl­dy. Bu gat­na­şyk­lar­da Song­ýung­wan uni­wer­si­te­ti aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Bu bi­lim oja­gy bi­len Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti, Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ed­ýär” di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy we bu gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­niň türk­men hem-de ko­reý halk­la­ry­nyň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­me­gi pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Hor­mat­ly Prezidentimiz ýur­du­my­zyň tä­ze bi­le­lik­dä­ki bi­lim baş­lan­gyç­la­ry­na uly äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni aý­dyp, ola­ryň ha­ta­ryn­da ta­lyp­la­ry, mu­gal­lym­la­ry, yl­my iş­gär­le­ri alyş­ma­gy, bi­le­lik­dä­ki bi­lim maksatnamalarynyň sa­ny­nyň art­dy­ryl­ma­gy­ny bel­le­di. Şeý­le hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz eme­li aň, in­že­ner­çi­lik, ener­ge­ti­ka, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar, se­na­gat me­nej­men­ti bo­ýun­ça hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak mak­sat­na­ma­sy­ny iş­läp düz­me­giň mö­hüm­di­gi­ni aý­dyp, bu baş­lan­gyç­la­ry amala aşyr­ma­ga uly hal­ka­ra ab­ra­ýy bo­lan Song­ýung­wan uni­wer­si­te­ti­niň iş­jeň gat­naş­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.

Hor­mat­ly Prezidentimiz hor­mat­ly dok­tor di­ýen aka­de­mi­ki de­re­jä­niň ber­len­di­gi üçin uni­wer­si­te­tiň ýol­baş­çy­la­ry­na ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­di­rip, onuň ta­lyp­la­ry­na, pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry­na we äh­li iş­gär­le­ri­ne iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di.

Da­ba­ra ta­mam­la­nan­dan soň­ra, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hem­me­ler bi­len hoş­la­şyp, bu ýer­den ug­ra­dy.

Şeý­le­lik­de, hor­mat­ly Prezidentimize Song­ýung­wan uni­wer­si­te­ti­niň sy­ýa­sy ylym­la­ryň hor­mat­ly dok­to­ry di­ýen de­re­jä­niň be­ril­me­gi Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gyç­la­ry­ny my­na­syp do­wam et­dir­ýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­lik ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky aý­dyň my­sa­ly bol­dy.

Hor­mat­ly Prezidentimiziň Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­na döw­let sa­pa­ry do­wam ed­ýär.

* * *

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­na sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýet ag­za­la­ry bi­len ko­reý ta­ra­py­nyň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da bir­nä­çe iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. Du­şu­şyk­lar­da öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Ta­rap­lar sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar­da­ky öza­ra gat­na­şyk­la­ra aý­ra­tyn üns ber­mek bi­len, ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy iler­let­me­giň ýol­la­ry ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar.

* * *

Sa­pa­ryň çäk­le­rin­de iki­ta­rap­la­ýyn resminamalara gol çe­kil­di. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my bi­len «YU­HAN­TECH Co., Ltd.» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ara­syn­da teh­ni­ki hyz­mat ediş­de in­no­wa­si­ýa­lar we önüm­çi­li­giň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da­ky Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Aw­to­mo­bil ulag­la­ry mi­nistr­li­gi bi­len «Hy­un­dai Cor­po­ra­ti­on» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň (Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy) ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Ara­gat­na­şyk mi­nistr­li­gi bi­len «LS Cab­le & Sys­tem» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Suw ho­ja­ly­gy ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti bi­len «DAE­WOO En­gi­nee­ring & Const­ructi­on Co., Ltd.» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň (Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy) ara­syn­da «Ga­ra­gum der­ýa­sy­nyň 850 — 1100 km ara­ly­gyn­da he­re­ket ed­ýän suw ho­ja­lyk des­ga­la­ry­nyň dur­ku­ny tä­ze­le­mek we tä­ze suw ho­ja­lyk des­ga­la­ry­ny gur­mak» tas­la­ma­sy bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; «Bal­kan» gä­mi gur­lu­şyk we abat­la­ýyş za­wo­dy» AGPJ bi­len «You­sung Co., Ltd.» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň (Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy) ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; «Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry» döw­let gul­lu­gy bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýer, inf­rast­ruk­tu­ra we ulag mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men milli dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty bi­len Kan­won milli uni­wer­si­te­ti­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şyk; Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty (Türk­me­nis­tan) bi­len Äh­lu­mu­my in­no­wa­si­ýa okuw­la­ry gu­ra­ma­sy­nyň (Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy) ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti bi­len Ko­re­ýa teh­no­lo­gi­ýa we bi­lim uni­wer­si­te­ti­niň (KO­REA­TECH) ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti bi­len Kýung Hi uni­wer­si­te­ti­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti (Türk­me­nis­tan) bi­len Inç­hon milli uni­wer­si­te­ti­niň (Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy) ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň Stra­te­gik bar­lag­lar bo­ýun­ça yl­my mer­ke­zi bi­len Se­ul milli uni­wer­si­te­ti­niň Azi­ýa mer­ke­zi­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şyk; Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Hal­ka­ra yl­my-teh­no­lo­gi­ýa par­ky bi­len Se­ul milli uni­wer­si­te­ti­niň (Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy) ara­syn­da yl­my we aka­de­mik hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­bar­lar agent­li­gi (TDH) bi­len «Yon­hap» ha­bar­lar agent­li­gi­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şyk; Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty bi­len Song­ýung­wan uni­wer­si­te­ti­niň (Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy) ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma, Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet ministrliginiň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Me­de­ni­ýet, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nistr­li­gi­niň Azi­ýa me­de­ni­ýe­ti milli mer­ke­zi­niň ara­syn­da me­de­ni alyş-ça­lyş­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma bar.

Soňky habarlar
16.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Mek­si­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Prezidentini gut­la­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türk­men-ko­reý işe­wür­lik mas­la­ha­ty­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li mej­li­sin­dä­ki çykyşy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Milli As­samb­le­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy bi­len du­şuş­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri bi­len du­şuş­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Türk­men-ko­reý işe­wür­lik mas­la­ha­ty­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li mej­li­si­ne gat­naş­dy
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
top-arrow