Şu gün Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Ço Çon Sik bilen duşuşdy.
Ço Çon Sik belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiziň döwlet saparynyň möhüm ähmiýetini belledi we bu saparyň parlamentara hem-de döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Koreýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşýandygyna kanagatlanma bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň iberen salamyny ýetirdi.
Milli Assambleýanyň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Liderine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyza ýolbaşçylyk eden döwründe täze derejä çykarylandygyny belledi. Şol döwürde söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda goýlan berk binýat häzirki wagtda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge ýardam berýär.
Nygtalyşy ýaly, parlamentara hyzmatdaşlyk türkmen-koreý gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara ynamy, düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri hökmünde parlamentara gatnaşyklaryň ähmiýetine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz parlamentara gatnaşyklary berkitmekde Türkmen-koreý parlamentara dostluk toparynyň işini aýratyn belläp, 2015-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň parlamentara dostluk toparlarynyň yzygiderli esasda hyzmatdaşlyk edýändiklerini, olaryň işiniň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşýandygyny nygtady.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda parlament hyzmatdaşlygynyň täze usulyny döretmek barada başlangyjy öňe sürdi. Şol ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň wekilleriniň birinji türkmen-koreý konsultatiw mejlisi, 2024-nji ýylyň oktýabrynda bolsa onuň ikinji mejlisi geçirildi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Koreýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygy däp bolan dostlukly türkmen-koreý gatnaşyklarynyň iki ýurduň we olaryň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Koreýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Ço Çon Sik ýurdumyzyň wekiliýet agzalary hem-de Koreýanyň parlamentiniň wekilleri bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.