Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy
Çap edildi 10.05.2019
1587

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Sizi Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygy bilen gutlaýaryn. Biziň umumy taryhymyzyň gahrymançylykly sahypalary hakyndaky röwşen ýatlamalaryň ynsanlaryň kalplarynda hemişelik saklanyp galjakdygyna ynanýaryn. Biz ähtiýalan duşmana garşy söweşlerde wepat bolanlaryň hakydalarynyň öňünde baş egýäris. Dünýäni faşizmden halas eden Beýik Watançylyk urşunyň ähli weteranlaryna söweş meýdanlarynda we tylda görkezen deňsiz-taýsyz edermenlikleri hem-de gahrymançylyklary üçin çäksiz hoşallygymyzy beýan edýäris. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size we dostlukly türkmen halkyna arassa asman, bagtyýarlyk hem-de abadançylyk hakyndaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy beýan edýärin. Şeýle hem Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny aýratyn gutlaýaryn. Igor Dodon, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ýollaýaryn. Bu sahawatly aýda Beýik Alladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk we bolçulyk dileg edýärin. Hamad bin Isa Al Halifa, Bahreýniň Patyşasy. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli mähirli gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de bagt, doganlyk türkmen halkyna bolsa rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw edýärin. Ähli musulmanlaryň dilegleriniň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileýärin. Kabus bin Said, Omanyň Soltany. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti meniň doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy iberýändigime şatdyryn. Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, doganlyk türkmen halkyna hem-de musulman ymmatyna rowaçlyk hem-de parahatçylyk dileg edýärin. Siziň Alyhezretiňiz, Size bolan çuňňur ynandyrmalarymy we hormatymy kabul ediň! Siziň doganyňyz, Emir Muhammed ben Saad ben Halid Al-Saud (Saud Arabystany Patyşalygy).

Soňky habarlar
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dabaraly açyldy
16.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Mek­si­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Prezidentini gut­la­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türk­men-ko­reý işe­wür­lik mas­la­ha­ty­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li mej­li­sin­dä­ki çykyşy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Milli As­samb­le­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy bi­len du­şuş­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri bi­len du­şuş­dy
top-arrow