Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň tebigaty goramak, suw we oba hojalyk ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň tebigaty goramak, suw we oba hojalyk ministrini kabul etdi
Çap edildi 28.04.2019
1140

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Saud Arabystany Patyşalygynyň tebigaty goramak, suw we oba hojalyk ministri Abdulrahman Abdulmohsen Al Fadleýi kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, şu günler bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman Ben Abdul-Aziz Al Saudyň hem-de Mirasdüşer şazada Muhammed Ben Salman Al Saudyň adyndan bagt, parahatçylyk we bütin türkmen halkyna abadançylyk baradaky arzuwlaryny we mähirli salamyny ýetirdi. Dostlukly döwletiň wekili Türkmenistana gelip görmäge hem-de behişdi bedewleriň şanyna geçirilýän baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga döredilen mümkinçilige şatdygyny belledi. Myhman Türkmenistanda geçirilýän hem-de arassa ganly ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça gadymy milli däpleriň gaýtadan dikeldilmegine, goralyp saklanmagyna we dowam etdirilmegine, aýratyn gözelligi we çeýeligi bilen tapawutlanýan atlaryň bu täsin tohumynyň dünýäde giňden wagyz edilmegine gönükdirilen iri möçberli işlere ýokary baha berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Saud Arabystanynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanda özara hormat hem-de ynam esasynda ýola goýlan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz taraplaryň üýtgewsiz hoşniýetli erk-islegine we ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan özara gyzyklanmalaryna esaslanýan türkmen-saud gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada düýpli pikir alyşmalar boldy, söwda-ykdysady, ynsanperwer-medeni gatnaşyklary ösdürmegiň oňyn depgini bellenildi. Şunda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň maý aýynda Saud Arabystany Patyşalygyna bolan resmi saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Saud Arabystany Patyşalygynyň tebigaty goramak, suw we oba hojalyk ministri Abdulrahman Abdulmohsen Al Fadleý birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow