Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emiriniň maşgala agzasyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emiriniň maşgala agzasyny kabul etdi
Çap edildi 28.04.2019
1183

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Katar Döwletiniň Emiriniň dogany Şeýh Tani Bin Hamad Bin Halifa Al Tanini kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, öz dogany Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Taniden milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salam ýetirdi. Katar Döwletiniň Emiri ähli türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny aýtdy. Şeýh Tani Bin Hamad Bin Halifa Al Tani döwlet Baştutanymyzy umumymilli baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanda geçirilýän giň gerimli dabaralara gatnaşýandygyna örän şatdygyny nygtady. Bu dabaralar türkmen halkynyň we dünýä siwilizasiýasynyň bahasyz gymmatlygy bolan behişdi bedewleriň deňsiz-taýsyz şöhratyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň ýokary ýolbaşçylaryna, ähli halkyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy hem-de deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine daýanýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtady. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, dürli pudaklarda oňyn işewür gatnaşyklary, şeýle hem ynsanperwer-medeni, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda netijeli özara hereketleri mundan beýläk-de ösdürmäge giň geljegiň hem-de uly mümkinçiligiň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz we myhman iki ýurt üçin hem däbe öwrülen hem-de ileri tutulýan ugur bolan atçylyk pudagy babatda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyp, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini ösdürmekde özara peýdaly tejribe alşylmagyny ýola goýmak babatda hem pikirlerini aýtdylar. Köpasyrlyk däpleri nazarda tutup, bu sporty ösdürmäge iki ýurtda-da örän uly üns berýärler. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallalary hem-de ady rowaýata öwrülen atlary wagyz etmek, hususan-da, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyny döretmek, ähli welaýatlarda häzirki zaman aýlawlaryny we iri atçylyk sport toplumlaryny gurmak, abraýly bäsleşikleri döretmek boýunça görülýän anyk çäreleriň netijesinde behişdi atlaryň köpasyrlyk şöhratynyň gün-günden artyp, deňsiz-taýsyz ahalteke bedewleriniň dünýädäki janköýerleriniň sanyny artdyrýandygy bellenildi. Şeýh Tani Bin Hamad Bin Halifa Al Tani pursatdan peýdalanyp, häzirki zaman sport düzümlerini döretmekde Türkmenistanyň gazanan haýran galdyryjy üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýandygyny aýtdy. Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we myhman birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow