Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «Sattel» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «Sattel» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 27.04.2019
1009

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Sattel» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kristof Reýzeni kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady hem-de türkmen halkynyň dünýä medeniýetine çäksiz goşandy bolan şöhratly ahalteke bedewleriniň hormatyna paýtagtymyzda geçirilýän dabaralaryň örän uly gerimine ýokary baha berdi. Nygtalyşy ýaly, häzir bütin dünýäde atçylyk sportunyň nusgawy görnüşlerinde ýokary netijeleri gazanýan ahalteke tohum atlaryna ägirt uly gyzyklanma bar. Ýewropanyň birnäçe ýurtlarynda, şol sanda Germaniýada bu atlary köpeldýän merkezler bar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen bedewleriniň we çapyksuwarlarynyň abraýly halkara ýaryşlara hem-de sergilere işjeň gatnaşmagynyň Türkmenistanda atçylygyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigi bellenildi. Türkmenistanda atçylyk häzirki döwürde bu ulgamda ykrar edilen dünýä merkezine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda eziz Diýarymyzda aýratyn üns berilýän atşynaslyk we atçylyk sporty ulgamynda gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyk etmäge hemişe açykdygyny belledi. Ahalteke bedewleri milletimiziň hakyky buýsanjy we bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr, mähriban halkymyzyň baý taryhynyň aýrylmaz bölegidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de häzirki döwürde-de ady rowaýata öwrülen behişdi bedewleriň türkmen halkynyň wepaly ýoldaşydygyny nygtady. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we myhman atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi barada gürrüň edip, işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda pikirlerini aýtdylar. Şol gatnaşyklar milli we dünýä medeniýetiniň mynasyp ykrar edilen özboluşlylygynyň, owadanlygynyň we ýyndamlygynyň ýokary derejesi boýunça ahalteke bedewleriniň şöhratyny has-da artdyrmaga ýardam berer. «Sattel» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda arassa ganly behişdi bedewleri köpeltmegiň gadymy milli däplerini täzeden dikeltmäge, gorap saklamaga we dowam etmäge, atlaryň bu täsin tohumyny dünýäde giňden wagyz etmäge, atçylyk sportuny ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli işlere ýokary baha berdi. Duşuşygyň ahyrynda myhman döwlet Baştutanymyzy ajaýyp milli baýramçylyk bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlady hem-de ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbidine alyp barýan köptaraply işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
07.05
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
top-arrow