Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
ÝHHG-NIŇ sebitleýin maslahaty
Syýasy habarlar
ÝHHG-NIŇ sebitleýin maslahaty
Çap edildi 17.04.2019
1006

Şu gün paýtagtymyzda ÝHHG-niň «Terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek» atly ýokary derejeli sebitleýin maslahat işläp başlady. Ol ÝHHG-niň ýurdumyzdaky merkeziniň döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlandy. Sebitiň döwletleriniň maliýe edaralarynyň, degişli düzümleriniň we gulluklarynyň abraýly halkara guramalar bilen özara gatnaşyk etmekleriniň meseleleri ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän wekilçilikli maslahatlaryň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Hökümeti we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan bu maslahatyň geçirilmegi Watanymyzyň dünýä derejesindäki yzygiderli artýan abraýynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan sebit we ählumumy ösüşiň, şol sanda häzirki döwrüň howplaryna garşy hereket etmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň möhüm wezipelerini çözmäge gönükdirilip, öňe sürülýän döredijilikli başlangyçlaryň giňden ykrar edilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň düzümleriniň wekilleriniň, BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalaryň, ýurdumyzyň pudaklaýyn edaralarynyň bilermenleriniň häzirki duşuşygynyň gün tertibine terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek ulgamynda kanunçylyk binýadyny, maglumatlary alyşmak we pudagara hyzmatdaşlyk işini kämilleşdirmek, şeýle hem terrorçylygyň meýilleşdirilmegi bilen guramaçylykly jenaýatçylygyň arasyndaky baglanyşygyň öwrenilmegi ýaly meseleler girizildi. Bu forumyň maksady maliýe howpsuzlygynyň, parahatçylygyň, durnuklylygyň we durmuş abadançylygynyň bähbidine bu ulgamda halkara ölçegler hem-de öňdebaryjy tejribe bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Maslahata gatnaşyjylar bu maslahatyň guralandygy hem-de halkara terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça çäreleri hemmetaraplaýyn goldaýandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Ýurdumyzyň bu ugurda görýän anyk çäreleriniň ähmiýetine ýokary baha berip, hasabat bilen çykyş edenler ÝHHG-niň we beýleki halkara guramalaryň ygtybarly strategik hyzmatdaşy bolup çykyş etmek bilen, sebitleýin we halkara derejedäki netijeli gatnaşyklary ösdürmek meselelerinde Türkmenistanyň işjeň orun eýeleýändigini nygtadylar. Daşary ýurtlaryň bilermenleri terrorçylygyň we daşary ýurtly ýaragly terrorçylaryň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamynda öz tejribelerini görkezip, degişli kanunçylyk binýadynyň işlenip taýýarlanmagynyň hem-de bu meselede töwekgelçiliklere milli derejede baha berilmeginiň möhümdigini bellediler. Olar şeýle hem pudagara gatnaşyklaryň usullaryny paýlaşdylar hem-de serhetüsti maliýe akymlaryny ýüze çykarmakda halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtadylar. Türkmenistan bu ugurda dünýä jemgyýetçiliginiň işlerine işjeň gatnaşýar hem-de terrorçylygyň maliýeleşdirilmegini we guramaçylykly jenaýatçylygy ýok etmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurdaky göreşe hukuk serişdeleriniň iş ýüzünde ulanylmagyny, bu howpuň doly ýok edilmegine çenli dünýä möçberinde tagallalary gönükdirmegi talap edýän strategik wezipe hökmünde garaýar. Häzir biziň ýurdumyz milli we halkara derejede bu meseläniň netijeli çözülmegi boýunça anyk çäreleri görýär. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, terrorçylyga we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmekde agzybirlikli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi babatda jenaýatçylykly ýollar arkaly alnan girdejileriň resmileşdirilmegine we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamynda Gurama gatnaşyjy döwletleriň bilelikdäki tagallalary ÝHHG-niň çäklerinde özara hereket etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Duşuşyga gatnaşyjylar öz çykyşlarynda netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmekde ýokary derejedäki häzirki maslahatyň aýratyn ähmiýetini bellediler. Munuň özi sebitde we bütin dünýäde umumy abadançylygyň, Durnukly ösüşiň we rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýär. Ertir maslahat işini dowam eder.

Soňky habarlar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
07.05
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
top-arrow