Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 12.04.2019
1381

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Japarguly Gulberdiýewiç Orazowyň üstüne ýüklenildi. *** «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyr-mak, şeýle hem Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda täze, döwrebap obany gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Res-minama laýyklykda, Balkan welaýatynyň häkimligine: Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda guruljak täze, döwrebap obada binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerini utgaşdyrmak, bu işleriň alnyp barly-şyna gözegçilik etmek hem-de obanyň gurluşygyny tapgyrlaýyn amala aşyrmak; Täze guruljak döwrebap obanyň baş meýilnamasyny işläp düzmek hem-de täze, döwrebap obanyň gurluşyk işlerini iki tapgyrda: 1-nji tapgyryny 2019 — 2022-nji ýyllarda, 2-nji tapgyryny 2022 — 2025-nji ýyllarda amala aşyrmak tabşyryldy. *** «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini we baýlygyny gorap sakla-mak, ýurdumyzyň tebigy serişdelerini netijeli we rejeli peýdalanmagyň hasabyna ilat üçin oňaýly ýaşaýyş we iş şertlerini döretmek hem-de «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini özleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasy hem-de «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleş-dirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we welaýatlaryň häkimliklerine Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşy-ryldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygy Kakabaýew Merdan Maksatowiçe käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy Çolukow Serdar Gurbanberdiýewiçe käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, welaýatda alnyp baryl-ýan işlere gözegçiligi gowşadandygy we Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmändigi üçin, Daşoguz welaýatynyň häkimi Baýramgulyýew Mämmet Guldurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, welaýatda alnyp barylýan iş-lere gözegçiligi gowşadandygy we Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmändigi üçin, Lebap welaýaty-nyň häkimi Atahallyýew Taňryguly Rejepgulyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

Soňky habarlar
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dabaraly açyldy
16.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Mek­si­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Prezidentini gut­la­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türk­men-ko­reý işe­wür­lik mas­la­ha­ty­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li mej­li­sin­dä­ki çykyşy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Milli As­samb­le­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy bi­len du­şuş­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri bi­len du­şuş­dy
top-arrow