Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Bolgariýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Bolgariýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 01.04.2019
1060

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nikolaý Ýankowdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň we Bolgariýanyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary berkitmek hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbidine türkmen-bolgar gatnaşyklaryny giňeltmek üçin öz diplomatik iş tejribesini we bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Soňra bolan söhbetdeşligiň barşynda ilçi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasy strategiýasynyň hem-de durmuş ugurly içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli sebit we milli maksatnamalar we taslamalar bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem ilçä türkmen parlamentiniň düzümi we kanunçykaryjylyk işi hakynda habar berildi. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmelere uly gyzyklanma bildirýändigini aýtmak bilen, ilçi türkmen we bolgar halklarynyň köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň we dostlugynyň iki ýurduň giň gerimli gatnaşyklaryny has-da ösdürmek üçin kuwwatly binýat bolup hyzmat edýändigini belledi. Uly tejribe toplanan söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary has-da ilerletmegiň netijeli boljakdygy bellenildi. Nebitgaz pudagynda, gurluşyk ulgamynda, şeýle-de ylym-bilim hem medeni, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Ähli ugurlarda döwletara gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanmanyň bardygy beýan edildi. Iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryň berkidilmegine, dostlukly parlament toparlarynyň çäklerinde olaryň özara gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi. *** Şu gün Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi.

Soňky habarlar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
07.05
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
top-arrow