Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi
Çap edildi 27.03.2019
1473

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy, direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Milleri kabul etdi. Myhman özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýanyň iri energetika kompaniýasynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly işewür gatnaşyklary ösdürmegiň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň hem-de ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, türkmen-rus gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly we netijeli häsiýete eýedigini aýtdy. Munuň özi ýangyç-energetika toplumy ýaly möhüm ugurlardaky netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin oňyn şertleri döredýär. Bu bolsa dünýäniň energetika ýurtlary bolan hem-de nebitgaz serişdeleriniň baý gorlaryny özünde jemleýän iki döwlet üçin hem ähmiýetlidir. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy, direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary bar bolan köp ýyllyk tejribeleri we oňyn mümkinçilikleri nazara almak bilen, işjeň hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň bu kompaniýasynyň türkmen gazyny satyn almagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gaz ulgamynda 2028-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky hereket edýän hökümetara Ylalaşyk binýatlaýyn resminama bolup durýar. Şonuň esasynda taraplar degişli işleri alyp barýarlar. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan we milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagyna, köpugurly esasda ösdürilmegine hem-de sebit we halkara ähmiýetli iri düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň, pudaklaýyn meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi özara gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýä bazarynda ýokary islege eýe bolýan bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini nazarlaýan gazhimiýa senagatynyň ösüşine aýratyn ähmiýet berildi. Şeýle hem ylmy-tehniki ösüşiň täze gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak, nebitgaz toplumyny öňdebaryjy tehnologiýalar we enjamlar bilen üpjün etmek ýaly ugurlardaky gatnaşyklaryň uly geljeginiň bardygy bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de myhman Türkmenistanyň hem-de «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň uzak möhletleýin esasda we anyk netijeleri nazarlaýan özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine taýýardygyny tassykladylar.

Soňky habarlar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
07.05
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
top-arrow