Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Beniniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Beniniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 18.03.2019
1014

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Benin Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Issirajou Gomina Ibrahimden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty hem-de ylalaşdyryjy başlangyçlary bilen halkara abraýa eýe bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda Beniniň doly ygtyýarly wekili bolup işlemegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de döwletara gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi. Söhbetdeşligiň barşynda ilçä Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy we ileri tutulýan ugurlary, milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalar barada gürrüň berildi. Şonda dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Beniniň doly ygtyýarly wekili şeýle hem türkmen parlamentiniň düzümi we köptaraplaýyn işi bilen tanyşdyryldy. Issirajou Gomina Ibrahim öz ýurdunyň ikitaraplaýyn söwda, işewür hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda syýahatçylyk we sport ulgamynda gatnaşyklary hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy, şeýle hem parlamentara derejedäki gatnaşyklaryň möhümdigi bellenildi. *** Şu gün Benin Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň DIM-inde kabul edildi. Bu ýerde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek babatda pikir alşyldy.

Soňky habarlar
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dabaraly açyldy
16.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Mek­si­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Prezidentini gut­la­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türk­men-ko­reý işe­wür­lik mas­la­ha­ty­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li mej­li­sin­dä­ki çykyşy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Milli As­samb­le­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy bi­len du­şuş­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri bi­len du­şuş­dy
top-arrow