Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan - ÝB: durnukly ösüş maksadynda hyzmatdaşlyk
Syýasy habarlar
Türkmenistan - ÝB: durnukly ösüş maksadynda hyzmatdaşlyk
Çap edildi 04.03.2019
1078

Şu gün ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçirilen duşuşyklaryň barşynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky missiýasynyň baştutany Kristian Berger bilen Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa sebitinde häzir öňdebaryjy orny eýeleýän hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde sebit we sebitara gatnaşyklary ösdürmekde ýokary parahatçylyk döredijilikli mümkinçiligini görkezýän strategik hyzmatdaş bolan Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýär. Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ýokary depgini bellenildi. Munuň şeýledigine eýýäm amala aşyrylan hem-de durmuşa geçirilýän, şol sanda bilim, daşky gurşawy goramak we ykdysadyýet ulgamlarynda ýerine ýetirilýän bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň onlarçasy, şeýle hem 2019-njy ýylda Aşgabatda ÝB-niň resmi wekilhanasynyň açylmagynyň meýilleşdirilmegi şaýatlyk edýär. Şu ýylyň fewral aýynda Belgiýanyň paýtagtynda geçirilen ÝB — Türkmenistan Bilelikdäki Komitetiň 18-nji duşuşygynyň netijelerine oňyn baha berildi. Şol duşuşygyň gün tertibine söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça işlenilip taýýarlanylýan täze Strategiýasynda Türkmenistanyň ykdysady syýasatyna degişli ulgamda özgertmeleri ilerletmek baradaky meseleler girizildi. Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, Türkmenistanda geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň hem-de Ýewropa Bileleşigi tarapyndan ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge täze çemeleşmeleriň bilelikde işlemegiň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin pugta binýat bolup durýandygy nygtaldy.

Soňky habarlar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
07.05
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
top-arrow