Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligini döretmek hakynda
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligini döretmek hakynda
Çap edildi 29.01.2019
3033

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagat, ulag we aragatnaşyk pudagyny düýpli özgertmek hem-de bu pudagy toplumlaýyn dolandyrmak arkaly onuň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin: 1. Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligini döretmeli. 2. Türkmenistanyň Senagat ministrligini, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligini, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligini, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligini, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyny hem-de «Türkmenhowaýollary» gullugyny Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň garamagyna bermeli hem-de olary degişlilikde şol ministrligiň «Türkmensenagat» agentligi, «Türkmendemirýollary» agentligi, «Türkmenawtoulaglary» agentligi, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi hem-de «Türkmenhowaýollary» agentligi diýip atlandyrmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwary.

Soňky habarlar
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dabaraly açyldy
16.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Mek­si­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Prezidentini gut­la­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türk­men-ko­reý işe­wür­lik mas­la­ha­ty­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li mej­li­sin­dä­ki çykyşy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Milli As­samb­le­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy bi­len du­şuş­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri bi­len du­şuş­dy
top-arrow