Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan — GDA: ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Syýasy habarlar
Türkmenistan — GDA: ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Çap edildi 28.01.2019
1106

Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň wekiliýetiniň paýtagtymyza bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň birnäçe ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda duşuşyklar hem-de gepleşikler geçirildi. Wekiliýetiň düzüminde Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň müdirliginiň başlygy, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halk artisti Polat Bilbil ogly, Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň müdirligine başlyklyk ediji, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili Mihail Şwydkoý hem-de Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, teatr we jemgyýetçilik işgäri Tahir Iksanow bar. Hususan-da, Medeniýet ministrliginde geçirilen duşuşykda Aşgabatda Türkmenistanyň Arkalaşyga başlyklyk etmeginiň çäklerinde 2019-njy ýylda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň nobatdaky XIV maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maý aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän iki günlük maslahatyň deslapky maksatnamasyna garaldy. Onuň dowamynda däp bolan «Arkalaşygyň ýyldyzlary» atly döwletara baýragyny gowşurmak dabarasy bolar. Şeýle hem GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgüdi esasynda yglan edilen Kitap ýylynyň çäklerinde guralmagy meýilleşdirilýän dürli çäreleriň meýilnamalary, ýazyjylar simpoziumlaryny, kitap sergilerini geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Arkalaşygyň çäklerinde medeni we döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly dürli tekliplere garaldy. Mundan başga-da, Bilim ministrliginde geçirilen duşuşykda umumy ylym-bilim giňişligini ösdürmek, ýaşlaryň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, talyplaryň ylmy-barlag taslamalaryna, ekologiýa ulgamyndaky gatnaşyklara goldaw bermek ýaly ugurlarda ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň wekiliýeti ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi. Şol ýerde hyzmatdaşlygyň we bilelikdäki çäreleri geçirmegiň meselelerine garaldy. Myhmanlar GDA-nyň çäklerinde özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdylar. Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmek wezipesine örän jogapkärli we işjeň çemeleşmelerine ýokary baha berildi.

Soňky habarlar
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dabaraly açyldy
16.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Mek­si­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Prezidentini gut­la­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türk­men-ko­reý işe­wür­lik mas­la­ha­ty­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li mej­li­sin­dä­ki çykyşy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Milli As­samb­le­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy bi­len du­şuş­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri bi­len du­şuş­dy
top-arrow