25.11
2016
Aşgabat, 25-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Kanadanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kris Jon Kuterden ynanç hatyny kabul etdi.
25.11
2016
Aşgabat, 25-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň howandarlygynda geçirilýän Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary jenap Lamberto Zanniýer bilen duşuşdy.
25.11
2016
Aşgabat, 25-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammad Nawaz Şarif bilen duşuşdy.
25.11
2016
Aşgabat, 25-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Halkara awtomobil ulag birleşiginiň (IRU) prezidenti jenap Umberto de Prettony kabul etdi.
25.11
2016
Aşgabat, 25-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamini kabul etdi.
25.11
2016
Aşgabat, 25-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Rustam Azimowy kabul etdi.
24.11
2016
Aşgabat, 24-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşyna degişli derwaýys meseleleriň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Mejlise ýurdumyzyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary çagyryldy.
24.11
2016
Aşgabat, 24-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aýalew Gobeze Worknehden ynanç hatyny kabul etdi.
24.11
2016
Aşgabat, 24-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gerhard Saýllerden ynanç hatyny kabul etdi.
23.11
2016
Aşgabat, 23-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky on ýedinji maslahaty geçdi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip düzülen birnäçe kanunlar hem-de kadalaşdyryjy-hukuk namalary kabul edildi.