Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
Çap edildi 25.11.2016
1289

Aşgabat, 25-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamini kabul etdi. Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen myhman wagt tapyp kabul edendgi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň we ýurduň Premýer-ministri Bakytžan Sagintaýewiň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Jenap Askar Mamin Gazagystan Respublikasynda türkmen Lideriniň oňyn syýasatyna we sebitde hem-de tutuş dünýäde özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryna ýokary baha berilýändigini we goldanylýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gazagystan bilen däp bolan gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini aýdyp, goňşy ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdi. Gazagystan bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar hem-de häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Milli Liderimiz häzirki döwürde iki tarapyň hem bähbitlerine kybap gelýän netijeli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi. Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-gazak gatnaşyklarynyň okgunly häsiýete eýedigini nygtap, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny aýtdylar. Ulag ýaly strategiki ulgamda hyzmatdaşlygyň giň meselelerini öz içine alýan Ählumumy maslahatyň gün tertibi barada hem özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň bu ulgamy ösdürmäge aýratyn üns berip, üstünlikli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine eýedigi bellenildi. Şunda goňşy döwletleriň bilelikdäki tagallasy bilen gurlan, “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly aýdyň mysal bolup biler. Bu transmilli polat ýol diňe bir ykdysady taýdan amatly hem-de täjirçilik taýdan esaslandyrylan taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitde we onuň çäginden daşda umumy ýagdaýa oňyn täsir etmäge, Aziýada durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm şertine öwrülmäge, yklymda syýasy gatnaşyklaryň tutuş ulgamynyň durnuklylygyny üpjün etmäge ukyply möhüm geosyýasy ýagdaý bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli uzakmöhletli hyzmatdaşlyk we sebit hem-de dünýä möçberinde durnukly ösüş üçin esas hökmünde köp şahaly multimodal ulag düzümini döretmegiň wajyp wezipesini çözmäge sazlaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň ähmiýeti nygtaldy. Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary 26-njy noýabrda türkmen paýtagtynda açylýan ýokary derejeli iri foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Aşgabat maslahatynyň ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine oňyn halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boljakdygyny belledi. Duşuşygyň ahyrynda millii Liderimiz we myhman Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine esaslanýan hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde okgunly ösýän dostluk gatnaşyklaryna hem-de netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar. Duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi O.Nurbaýew gatnaşdy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow