Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi bellenildi
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi bellenildi
Çap edildi 24.11.2016
1318

Aşgabat, 24-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gerhard Saýllerden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy türkmen Lideriniň adyndan ilçini Awstriýanyň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanasynyň baştutany wezipesine bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki halkyň arasyndaky däp bolan dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Diplomat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Awstriýa Respublikasynyň ýokary ýolbaşçylaryndan mähirli salam ýetirip, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga öz ýurdunyň uly gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Duşuşygyň barşynda Awstriýanyň täze ilçisi baş ileri tutulýan ugry parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de ählumumy abadançylygyň bähbitlerine giň halkara hyzmatdaşlyk etmek bolup durýan milli Liderimiz tarapyndan alnyp barylýan içeri hem-de daşary syýasatyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Muňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän möhüm başlangyçlary, şol sanda halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek we bu strategiki ulgamda hyzmatdaşlyk etmek boýunça başlangyçlary ajaýyp subutnama bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, bu uly möçberli bütin dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylan hem-de döwrüň özi tarapyndan talap edilen bu başlangyjyň çäklerinde ýakyn günlerde Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat geçiriler. Türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem, şol sanda iri halkara guramalarynyň ugry boýunça hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde döwletara hereketlerini işjeňleşdirmäge iki ýurduň isleg bildirýändigi bellenildi. Şol ýurtlar we guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar iki dostlukly halkyň medeniýetleriniň baýlaşmagyna hyzmat edýän öz netijeliligini tassyklan türkmen-awstriýa medeni çärelerini geçimek işini dowam etmek babatda pikirlerini aýtdylar. Kanunçylyk ulgamynda geçirilýän özgertmeler babatda parlamentara aragatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn meselesine öwrüldi. *** Şol gün Awstriýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Şol ýerde dürli ugurlarda döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow