Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Kanadanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Kanadanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 25.11.2016
1294

Aşgabat, 25-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Kanadanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kris Jon Kuterden ynanç hatyny kabul etdi. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we oňa iki dostlukly ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi öz nobatynda, milli Liderimize Kanadanyň ýokary ýolbaşçylarynyň salamyny hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny we ýurdumyza ösüş we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Doly ygtyýarly wekil öz ýurdunyň Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy pugtalandyrmak we ösüş maksadynda, aýratyn hem energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmegi hem-de yklymara söwda ýollarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi arkaly halkara bileleşigi bilen gatnaşyklary ösdürmek baradaky tagallalaryny goldaýandygyny belledi. Duşuşygyň barşynda ilçi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine durmuşa geçirýän oňyn syýasatynyň ugurlary bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, türkmen Lideriniň halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek we bu strategiki ulgamda hyzmatdaşlyk etmek baradaky başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna mynasyp bolýandygy bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Diplomata ýurdumyzda amala aşyrylýan, milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeler maksatnamalary we giň möçberli taslamalar barada hem gürrüň berildi. Netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly kuwwatyň bardygy nygtaldy. Diplomat Kanadanyň esasy kompaniýalarynyň Türkmenistanyň bazarynyň geljeginiň uludygyny nazara almak bilen, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda, şol sanda ýokary tehnologiýalar, energiýanyň alternatiw çeşmelerini iş ýüzünde ulanmak ýaly ugurlarda türkmen hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändiklerini belledi. Şeýle hem ylym we bilim, medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlary, iki ýurduň parlamentarileriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy. Duşuşygyň ahyrynda jenap Kris Jon Kuter iki dostlukly halkyň bähbidine döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge saldamly goşant goşjakdygyny aýtdy. *** Şol gün Kanadanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde kabul edildi, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň birnäçesinde duşuşyklary geçirdi. Olarda dürli ugurlar boýunça türkmen-kanada gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow