21.11
2016
Aşgabat, 21-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň barşynda welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimleri özlerine ynanylan ýerlerde işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal berlen tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem gyş möwsümine hem-de Bitaraplyk gününe we Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.
18.11
2016
Aşgabat, 18-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli derwaýys meseleleriň birnäçesine, şeýle hem käbir möhüm resminamalaryň taslamalaryna seredildi.
17.11
2016
Aşgabat, 17-nji noýabr (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi işini dowam etdi. Bu mejlis Hazar sebitiniň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň täze kadalaşdyryjy—hukuk resminamalarynyň taslamalaryny ylalaşmak maksady bilen geçirilýär.
16.11
2016
Ahal welaýaty, 16-njy noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi hem-de Içeri işler ministrliginiň täze hojalyk desgalar toplumynyň açylyşyna gatnaşdy.
16.11
2016
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Igor Dodona Moldowa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
16.11
2016
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rumen Radýewe Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
15.11
2016
Aşgabat, 15-nji noýabr (TDH). Şu gün, Türkmenistana resmi saparynyň jemleýji gününde Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas ýurdumyzyň Mejlisinde duşuşyk geçirdi.
15.11
2016
Aşgabat, 15-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny – Russiýanyň “BTK Holding” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Taýmuraz Bolloýewi we “Renaissance Holding” türk kompaniýasynyň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.
15.11
2016
Aşgabat, 15-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň resmi açylyşy boldy. Dabara iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
14.11
2016
Aşgabat, 14-nji noýabr /TDH/. Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn agşam Aşgabada ilkinji resmi sapary bilen gelen Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasyň arasynda gepleşikler geçirildi.