19.02
2017
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
18.02
2017
18-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylara çykyş edip ýüzlenmek bilen ýakyn geljekdäki ýedi ýyl üçin Türkmenistanyň daşary saýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi.
18.02
2017
Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi. Ol şanly seneleriň ikisine—şu gün bellenilip geçilýän Diplomatik işgärleriniň gününe hem-de Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlandy.
17.02
2017
Eziz watandaşlar!
Hormatly myhmanlar!
Hanymlar we jenaplar!
Şu gün ajaýyp Ruhyýet köşgüniň mejlisler zalynda men hormatly ýaşulularymyza, abadan we bagtyýar geljegi gurmak wezipesi öňünde duran merdana ýaşlarymyza, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna, Milli parlamentiň deputatlaryna, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we diplomatik korpusyň wekillerine berk jan saglyk, uly üstünlikler, bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarym bilen ýüzlenýärin!
17.02
2017
Aşgabat, 17-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
17.02
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýne we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarife ýurduň Sehwan şäherindäki Lal Şahbaz Kalandar ybadathanasynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.
17.02
2017
Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli guralan dabara tamamlanandan soň, Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri bilen duşuşyk geçirdi.
17.02
2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz “Oguzhan” köşk toplumynda wezipä girişilmegi mynasybetli guralan dabaraly harby ýöriş tamamlanandan soň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirip, bu düzümleri ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi.
17.02
2017
Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasy tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat eskortynyň ugratmagynda „Oguzhan“ Prezident Köşkler toplumyna tarap ugrady, olary ýolda atly esgerler topary çalyşýar. Atly esgerleriň ellerinde-Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we Türkmenistanyň Prezidentiniň Ştandarty bar.
17.02
2017
Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasy boldy. Döwlet baştutany wezipesine girişip, ýygnanlaryň öňünde eden çykyşynda geljekki ýedi ýyla ýurduň içerki we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny belledi.