Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň hukuk goraýjy düzümleriň öňünde hünär derejesini we maddy-enjamlaryn binýady ýokarlandyrmak wezipesini goýdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň hukuk goraýjy düzümleriň öňünde hünär derejesini we maddy-enjamlaryn binýady ýokarlandyrmak wezipesini goýdy
Çap edildi 17.02.2017
1724

Şu gün hormatly Prezidentimiz “Oguzhan” köşk toplumynda wezipä girişilmegi mynasybetli guralan dabaraly harby ýöriş tamamlanandan soň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirip, bu düzümleri ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Yaragly Güýçleriniň geçen çärýek asyrda merdana ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüji, dost-doganlyk ýörelgelerini, gahrymançylykly harby däplerini dowam edip, goranmak häsiýetli kuwwatly goşuna öwrülendigini nygtady. Milli goşunymyzyň üpjünçiligi ýokarlandy we söweşjeň ukyby has artdy. Harby gullukçylar hem-de olaryň maşgala agzalary üçin amatly gulluk we ýaşaýyş şertleri döredildi. Harby kanunçylyk ulgamy hem kämilleşdirildi. Siz Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň we halkymyzyň mizemez galasy hem-de polat galkany bolmalysyňyz – bu mukaddes borçdur diýip döwlet Baştutanymyz aýtdy. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňde durýan wezipeleriň möhüm we jogapkärlidigini belläp, hormatly Prezidentimiz olaryň işini kämilleşdirmegiň esasy ugurlarynyň işgärler bilen üpjün etmekden hem-de maddy-tehniki binýady pugtalandyrmakdan ybarat bolup durýandygyny aýtdy. Harby gullukçylar we olaryň maşgalalary üçin häzirkizaman ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna aýratyn üns berler diýip döwlet Baştutanymyz aýtdy. Milli Liderimiz şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek Yapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary barada durup geçip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň Oýunlaryň ýokary guramaçylyk derejede geçirilmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşyga gatnaşyjylara Watan goragçylaryna, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ösdürilmegine bagyşlanylan “Mertler Watany beýgeldýär” atly täze kitabynyň nusgalaryny gowşurdy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow