Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen döwletiniň baştutany Ministrler Kabinetiniň täze düzümini düzer
Syýasy habarlar
Türkmen döwletiniň baştutany Ministrler Kabinetiniň täze düzümini düzer
Çap edildi 17.02.2017
1370

Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasy boldy. Döwlet baştutany wezipesine girişip, ýygnanlaryň öňünde eden çykyşynda geljekki ýedi ýyla ýurduň içerki we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny belledi. Halkymyz bilen, hormatly ildeşler, siziň hemmaňiz bilen bilelikde , öňde goýlan wezipelere hötde geljekdigimize we Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşjakdygymyza ynanýaryn –diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we saýlawlara işjeň gatnaşan saýlawçylara ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Täze saýlanan lider ildeşlerimiziň ynamyny ödemek üçin, güýç-gaýratyny, bilimini, tejribesini we ukybyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Men halkyma, onuň ügirt uly mümkinçiliklerine, bagtyýar we röwşen geljegine berk ynanýaryn—diýip, döwlet baştutany aýtdy. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hökümet agzalarynyň öz ygtyýarlyklaryny tabşyrmagy hakynda Karara gol çekdi. Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklanylýança hökümet agzalaryna öz wezipelerini ýerine ýetirmek tabşyryldy. Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasy tamamlanandan soň Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýörüş sazy bilen „Oguzhan“ Prezident Köşgi toplumyna getirilen Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ştandartyny, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we mukaddes Gurhany alyp barýarlar.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow