Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 17.02.2017
1280

Aşgabat, 17-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli we doganlarça salamlaşyp, birek-birege berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk arzuw etdiler. Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçysy türkmen kärdeşini Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täze möhlete saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikler arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglary we mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň strategiki häsiýetini nygtady. Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň Baştutanlary döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, iki ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary we geljegi üçin meýilnamalary babatda gatnaşyklaryň esasy ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, köp ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny bellemelidir. Munuň özi iki tarapyň hem uzakmöhletli bähbitlerine laýyk gelýär. Söhbetdeşler iki halkyň taryhyň dowamynda emele gelen medeni we ruhy umumylygynyň doganlyk türkmen-türk gatnaşyklarynyň mizemez esaslarynyň biri bolup durýandygyny nygtap, netijeli ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de höweslendirmegiň, ony täze many- mazmun bilen baýlaşdyrmagyň möhümdigini bellediler. Iki döwletiň Baştutanlary Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň dünýä giňişliginde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belläp, sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. Şunda iki ýurduň hem mundan beýläk-de halkara bileleşiginiň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşmaga taýýardygy tassyklanyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda iki ýurduň Liderleri dostlugyň iň gowy däplerinde guralýan we taraplaryň ikisiniň hem hoşmeýilli erk-islegine daýanýan netijeli türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekde hem hemmetaraplaýyn pugtalandyryljakdygyna ýnam bildirip, birek-birege berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow