Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasy mynasybetli dabaraly harby ýörüş kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasy mynasybetli dabaraly harby ýörüş kabul etdi
Çap edildi 17.02.2017
1730

Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasy tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat eskortynyň ugratmagynda „Oguzhan“ Prezident Köşkler toplumyna tarap ugrady, olary ýolda atly esgerler topary çalyşýar. Atly esgerleriň ellerinde-Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we Türkmenistanyň Prezidentiniň Ştandarty bar. Esasy girelgede Hormat garawulynyň esgerleri Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasy mynasybetli dabaraly harby ýörüşe taýýar bolup nyzama düzüldiler. Prezidentiň ulagy Galkynyş meýdançasynyň daşyndan aýlanýar, Ýaragly Güýçleriň harby orkestriniň sazy ýaňlanýar we harby gullukçylar ýedi mertebe „Ura“ diýşip, döwlet baştutanyny mübärekleýärler. Hormat garawulynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berýär. Türkmenistanyň Döwlet gimni ýaňlanýar we top atylýar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň dürli görnüşlerine wekilçilik edýän esgerler Türkmenistanyň Döwlet Kasamyny ýerine ýetirýärler. Soňra dabaraly harby ýörüş geçirildi. Watan goragçylarynyň toparlary-serkerdeler we motoatyjylar, harby uçarmanlar we deňizçiler, ýörüte ähmiýetli, raýat goranyşy we halas ediş goşunlarynyň, şeýle hem Içer işler ministrliginiň Institutynyň we Milli howpsuzlyk institutynyň talyplarynyň toparlary döwlet baştutanynyň öňünden aýak düzüp, dürs nyzamly, ussat başarnyklaryny we sünnälenen ussatlygyny görkezip geçip gidýärler. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýörüşi kabul edensoň döwlet baştutanynyň wezipesini ýerine ýetirmäge girişmek üçin „Oguzhan“ Prezident Köşkler toplumyna tarap ugrady.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow