31.03
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanda resmi saparda bolýan Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko ýurdumyzdaky ilkinji hem-de Merkezi Aziýa sebitindäki iri Garlyk kaliý dag-magdan toplumyny ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdylar.
31.03
2017
Belarus Respublikasynyň Prezidenti Lebap welaýatynda Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň açylyş dabarasynda çykyş edip, onuň gurluşygynda hünärmenleriň we gurluşykçylaryň uly topary işledi. Şol toparyň üçden biri belaruslardan, üçden ikisi bolsa türkmenistanlylardan ybarat boldy. Ähli kynçylyklary ýeňip geçip, biz bilelikde bu çylşyrymly desganyň gurluşygyny tamamladyk diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.
31.03
2017
Hormatly Prezidentimiz Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň ulanmaga berilmek dabarasynda çykyş edip, täze kärhananyň ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri – himiýa senagaty ösdürmek babatynda strategiki ähmiýetini belledi.
31.03
2017
Garlygyň dag-magdan baýlaşdyryjy toplumy ilkinji önümlerini içerki we daşarky sarp edijilere ugratdy
Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy toplum öz önüminiň ilkinji tonnalaryny içerki we daşarky sarp edijilere ugratdy. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň gatnaşmagynda ulanmaga berlen senagat toplum kaliý dökünlerini awtoulaglarda we demir ýol ulaglarynda ugradyp başlady.
31.03
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Garlykdaky kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça dag-iagdan bpýlagşdyryjy toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, onuň işine badalga berdiler.
31.03
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanda saparda bolýan Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Lebap welaýatynyň Garlyk şäherçesinde gurlan kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.
30.03
2017
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gepleşikler geçirildi.
30.03
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Ilçihanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyn gatnaşdylar.
30.03
2017
Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Aşgabatda geçirilen türkmen-belarus gepleşikleriň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş edip, Belarusda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berýändiklerini belledi. Ýurduň ýolbaşçylarynyň halkyň abadançylygyna gönükdirilen döredijlikli syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli ýöredýän ugry çuňňur hormat döredýär. Içerki we daşary meseleleri çözmäge çemeleşmeleriň meňzeşdigi Belarus bilen Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygyny kesgitledi diýip, Prezident Aleksandr Lukaşenko aýtdy.
30.03
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky ýokary derejeli türkmen-belarus gepleşikleriniň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we geljegini kesgitledi.