Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko: biziň döwletlerimiz strategiki hyzmatdaşlardyr
Syýasy habarlar
Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko: biziň döwletlerimiz strategiki hyzmatdaşlardyr
Çap edildi 30.03.2017
1410

Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Aşgabatda geçirilen türkmen-belarus gepleşikleriň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş edip, Belarusda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berýändiklerini belledi. Ýurduň ýolbaşçylarynyň halkyň abadançylygyna gönükdirilen döredijlikli syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli ýöredýän ugry çuňňur hormat döredýär. Içerki we daşary meseleleri çözmäge çemeleşmeleriň meňzeşdigi Belarus bilen Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygyny kesgitledi diýip, Prezident Aleksandr Lukaşenko aýtdy. Belarus Respublikasynyň Baştutany ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini beýan edip, döwletleriň ikisiniň hem ähli hyzmatdaşlar bilen özara hormat goýmaga hem-de deňhukukly gatnaşyklara çalyşýandyklaryny belledi. Türkmenistan we Belarus dostlar, doganlyk halklar ýaly hyzmatdaşlyk edýärler. Biziň ýurtlarymyzyň arasynda netijeli hökümetara, parlamentara, pudagara hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, munuň özi gowy netije berýär diýip, belent mertebeli myhman sözüni dowam etdi. Şu gezekki sapar belarus tarapy üçin örän ähmiýetlidir. Ol Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyň açylmagy, Belarus Respublikasynyň lçihanasynyň täze binalar toplumynyň ulanylmaga berilmegi bilen alamatlandyrylandyr diýip, Belarus Lideri aýtdy. Munuň özi taraplaryň uzakmöhletli geljek üçin işlemäge meýillidiginiň aýdyň subutnamasydyr. Geçirilen gepleşikler biziň döwletlerimiziň strategiki hyzmatdaşlardygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Biz ýokary derejesi bilen tapawutlanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy üçin ähli tagallalary ederis. Munuň özi iki ýurduň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýär diýip, Prezident Aleksandr Lukaşenko aýtdy. Belarus Respublikasynyň Baştutany myhmansöýerlik üçin türkmen kärdeşine ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Minsk şäherinde duşuşyga uly kanagatlanma duýgusy bilen garaşjakdygyny nygtady.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow