Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentleri Garlykda dag-magdan baýlaşdyryjy toplumy açdylar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentleri Garlykda dag-magdan baýlaşdyryjy toplumy açdylar
Çap edildi 31.03.2017
1495

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanda saparda bolýan Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Lebap welaýatynyň Garlyk şäherçesinde gurlan kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Döwlet Baştutanlary toplumyň merkezi derwezesiniň ýanynda bilelikde täze desganyň toý bagyny kesdiler. Ýylda 1 million 400 müň tonna kaliý hloridini öndürnýän kuwwaty bolan iri senagat merkeziniň binýady 2009-njy ýylyň 19-njy iýunynda türkmen we belparus Liderleri tarapyndan tutuldy. Tlplumyň önümçiligi ýurdumyzyň kaliý dökünlerine bolan isleglerini kanagatlandyrar we onuň ep-esli möçberlini eksporta ugratmaga mümkinçilik berer. Düýn Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşiklerinde bu senagat toplumy iki ýurduň ykdysady gatnaşyklarynyň esasyny düzýändigi bellenildi. Şunuň ýaly giň möçberli bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirilmegi belarus bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny äşgär etdi. Ýokary derejede geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça söwda-ykdysady, medeniýet we syýahatçylyk, bilim, ylym we ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalar toplumyna gol çekildi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow