Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Baştutanlary Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň işine badalga berdiler
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Baştutanlary Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň işine badalga berdiler
Çap edildi 31.03.2017
1449

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Garlykdaky kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça dag-iagdan bpýlagşdyryjy toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, onuň işine badalga berdiler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko toplumyň çägi bilen tanşyp, kärhananyň işini synladylar. Döwlet Baştutanlarynyň ýoly şahta guýularynyň, magdan ammarlarynyň, kaliu önümlerini baýlaşdyrmak we kristallaşdyrmak boýunça fabrigiň we ugratmaga taýýarlanan önümleriň ammarlarynyň deňinden geçdi. Bu ägirt uly taslamany “Belgorhimprom” Açykpaýdarlar jemgyýeti baş potratçy bolup, türkmen gurluşykçylary bilen bilelikde onuň ähli işi ýerine ýettirildi. Täze senagat toplumy 100-den goarak dnsgany özünde jemleýär. Olar Germaniýa, Şweýsariýa, Beýik Britaniýa, Daniýa, ABŞ, Russiýa we Belarus ýaly dünýäde ugurdaş tehnikalary öndürmekde belli bolan ýurtlaryň iň täze enjamlary we tehnologiýalary bilen üpjün edildi. Ýerasty känlerden önümçilik toplumyna her ýylda 1,4 million tonna kaliý dökünleriniň önümçilik möçberlerini üpjün etmek üçin zerur bolan magdan berler. Olar hili we aýratynlyklary boýunça dünýäniň iň ýokary ülňülerine laýyk gelýär. Bu bolsa Türkmenistanyň eksport kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynda has-da möhümdir. Garlyk käninde kaliý duzlarynyň gorlary 2 milliard tonnadan hem geçýjr. Bu bolsa birnäçe onýyllyklaryň dowamynda toplumyň durnukly işini üpjün eder.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow