Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Prezident Aleksandr Lukaşenko: biz iki halka uly peýda getirýän ägirt uly taslamany amala aşyrdyk
Syýasy habarlar
Prezident Aleksandr Lukaşenko: biz iki halka uly peýda getirýän ägirt uly taslamany amala aşyrdyk
Çap edildi 31.03.2017
1316

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Lebap welaýatynda Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň açylyş dabarasynda çykyş edip, onuň gurluşygynda hünärmenleriň we gurluşykçylaryň uly topary işledi. Şol toparyň üçden biri belaruslardan, üçden ikisi bolsa türkmenistanlylardan ybarat boldy. Ähli kynçylyklary ýeňip geçip, biz bilelikde bu çylşyrymly desganyň gurluşygyny tamamladyk diýip, belent mertebeli myhman aýtdy. Tebigy serişdelere baý bolan ülkede iki ýurduň gurluşykçylary Merkezi Aziýadaky iri kaliý dökünlerini öndürýän toplumy gurdular. Dag-himiýa senagatynyň bu ulgamda iň täze tehnologiýalara esaslanýan düýbünden täze pudagy döredildi. Bu wezipäniň ýerine ýetirilmegi uly synag hem-de geljekde gerek boljak oňyn tejribe boldy. Çünki, göz öňünde tutulan meýilnamalardan çen tutsaň, ýene birnäçe ýyldan Türkmenistanyň ykdysadyýetine uly ösüş garaşýar. Garlyk kärhanasynyň gurulmagy şeýle taslamalaryň sebitde durmuşa geçirilmegine täze kuwwatly itergi berdi diýip, Aleksandr Lukaşenko aýtdy. Şeýle desgalar üçin deňi-taýy bolmadyk gurluşygyň kadaly bahasyny saklap galmak, işleriň ýokary hilini we depginini üpjün etmek başartdy. Belarusuň Baştutany kärhanada öndürilen kaliý dökünleriniň ilkinji müňlerçe tonnasyny goňşy Owganystana ibermek baradaky çözgüdi eşidende, özüniň haýran galandygyny we ýakymly duýgulary başdan geçirendigini aýtdy. “Ine, şeýle ýaşamaly! Hut şeýle edilende, seni hormatlarlar, saňa tarap ymtylarlar we hemişe alkyş aýdarlar. Bu beýik çözgüt” diýip, ol aýtdy. Prezident Aleksandr Lukaşenko bu taslamany durmuşa geçirmekde çylşyrymlyklaryň bolandygyny, ýöne belarusly hünärmenleriň öňde goýlan wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelendigini we türkmen kärdeşleriniň ynamyny ödändigini belledi. “Biz bu ägirt uly taslamany bilelikde amala aşyrdyk. Ol biziň halklarymyza uly peýda getirdi” diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow