15.09
2018
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde taryhy özgerişler amala aşyrylyp, ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylýar. Häzirki döwürde bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmaga gönükdirilen belent maksatnamalar medeniýet we sungat ussatlarymyzy täze, döwrebap eserleri döretmäge ruhlandyrýar.
14.09
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. 15-nji sentýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralliniň tamamlanmagy mynasybetli dabaralar geçiriler.
14.09
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleler, şeýle hem halkymyzyň abadançylygyny we Türkmenistanyň rowaçlygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
14.09
2018
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem ýerli ähmiýetli howa menzillerini dikeltmek we bu ugurlarda ulanyljak howa gämilerini saýlap almak, howa gämileriniň düzümlerini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak hem-de uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” gullugyna “Boeing 737 MAX 7” kysymly 3 sany uçary, şol sanda wajyp uçuşlar üçin niýetlenen 1 sany uçary satyn almak barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Boeing” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.
14.09
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara awtomobil federasiýasynyň wise-prezidenti, BAE-niň awtomobil we tur klubunyň ýolbaşçysy, meşhur awtosürüji türgen Mohammed Bin Sulaýimi kabul etdi.
13.09
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Tailand Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Pantipa Iamsudha Ýekarohitden ynanç hatyny kabul etdi.
12.09
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň başlygy we iş dolandyryjysy Mahmud Waezini kabul etdi.
12.09
2018
Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döredilmeginiň şanly 10 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
10.09
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “KAMAZ” açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogogini kabul etdi.
10.09
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Africa Eco Race” awtorallisiniň baş direktory, sport awtomobilleri ýaryşynda dünýäniň iki gezek çempiony, ýolsuz ýerde geçirilýän awtoralli boýunça dünýä kubogynyň ençeme gezek eýesi, “Pariž — Dakar” we “Africa Eco Race” ralli-marafonlarynyň ýeňijisi Žan-Lui Şlesseri kabul etdi.