Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “KA­MAZ” açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň baş di­rek­to­ry­ny ka­bul et­di
Syýasy habarlar
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “KA­MAZ” açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň baş di­rek­to­ry­ny ka­bul et­di
Çap edildi 10.09.2018
1495

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow “KA­MAZ” açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň baş di­rek­to­ry Ser­geý Ko­go­gi­ni ka­bul et­di. Myh­man türk­men top­ra­gyn­da mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy şan­ly wa­ka — “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň ge­çi­ril­me­gi bi­len gut­la­dy. Rus­si­ýa­ly kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy dün­ýä­niň aw­to­mo­bil spor­tu­nyň ta­ry­hy­na aý­dyň sa­hy­pa bo­lup gir­jek bu ýa­ry­şyň we­kil­çi­lik­li dü­zü­mi­ni hem-de oňa taý­ýar­lyk gör­me­giň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni bel­läp, onuň bi­ziň ýur­du­my­za bo­lan gy­zyk­lan­ma­nyň has-da art­ma­gy­na, hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow mä­hir­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­tan­da dost­la­ra we yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­la­ra he­mi­şe şat­dy­rys di­ýip, olar bi­len hyz­mat­daş­lyk­da giň ge­rim­li dur­muş-yk­dy­sa­dy we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li çö­zül­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Hä­zir Türk­me­nis­tan ga­dy­my dö­wür­de ýur­du­my­zyň çä­gin­den ge­çen Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň esa­sy hal­ka­sy hök­mün­de öz äh­mi­ýe­ti­ni di­keld­ýär. Bu ta­ry­hy ýo­luň tä­ze gör­nü­şi döw­let­le­riň di­ňe söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryn­da däl-de, eý­sem, ola­ryň me­de­ni, yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryn­da, şeý­le hem sport ul­ga­myn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň çäk­le­rin­de Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy bi­len üs­tün­lik­li ös­ýän hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp, dün­ýä­de ýük aw­tou­lag­la­ry­ny ön­dür­ýän esa­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­riň sa­na­wyn­da öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýän «KA­MAZ» bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ryň oňyn tej­ri­be­si­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di. Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da hyz­mat­daş­ly­gyň ýag­da­ýy hem-de onuň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Hu­su­san-da, ýur­du­my­za tä­ze döw­re­bap teh­ni­ka­la­ry ge­tir­mek bi­len bag­ly me­se­le­le­re se­re­dil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­tan yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga we di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga ta­rap ugur al­mak bi­len, gel­je­gi uly bo­lan me­ýil­na­ma­la­ry­ny iş ýü­zün­de ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça anyk ädim­le­ri äd­ýär di­ýip bel­le­di. Se­na­gat­da we ulag ara­gat­na­şyk pu­da­gyn­da iri tas­la­ma­la­ry, şol san­da se­bit we hal­ka­ra äh­mi­ýet­li tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak bi­len, ýur­du­myz yl­my-teh­ni­ki pi­ki­riň hem-de in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­na üns ber­ýär. Şun­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Şo­nuň üçin ulag­la­ra, şol san­da aw­to­mo­bil ulag­la­ry­na howp­suz­lyk, yg­ty­bar­ly­lyk hem-de eko­lo­gi­ýa ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­me­gi ba­bat­da aý­ra­tyn uly ta­lap­lar bil­di­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, dün­ýä­niň aw­to­mo­bil se­na­ga­ty­nyň ösü­şi­niň mö­hüm ugur­la­ry, şol san­da elekt­ro­mo­bil­le­riň önüm­çi­li­gi, aw­to­mo­bil gur­lu­şy­gyn­da hem-de aw­to­mo­bil ulag­la­ryn­da plas­tik se­riş­de­le­ri­ni, dür­li po­li­mer önüm­le­ri­ni giň­den peý­da­lan­ma­gyň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir al­şyl­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz pu­da­gyn­da gaý­ta­dan iş­le­ýän tä­ze top­lum­la­ry — po­lip­ro­pi­len we po­lie­ti­len ön­dür­ýän, Ýewro — 5 öl­çe­gi­ne la­ýyk gel­ýän te­bi­gy gaz­dan ben­zin ön­dür­ýän top­lum­la­ry işe gi­riz­mä­ge taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Bu­la­ryň hem­me­si se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň, şeý­le hem bi­le­lik­dä­ki yl­my-teh­ni­ki iş­le­ri ge­çir­mek üçin iki ýur­duň okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Ser­geý Ko­go­gin Türk­me­nis­ta­nyň ba­za­ry­nyň «KA­MAZ» üçin esa­sy ugur bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­läp, ýol­baş­çy­lyk ed­ýän aw­to­mo­bil gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň türk­men hyz­mat­daş­la­ry bi­len öza­ra bäh­bit­li işe­wür gat­na­şyk­la­ry­ny has-da ber­kit­mä­ge we gi­ňelt­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy. Şeý­le hem söh­bet­deş­li­giň çäk­le­rin­de “Amul — Ha­zar 2018” aw­to­ral­li­si­ni ge­çir­me­giň kä­bir ugur­la­ry ara alnyp mas­la­hat­la­şyl­dy, oňa Rus­si­ýa­nyň bel­li “KA­MAZ — mas­ter” to­pa­ry hem gat­naş­ýar. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýa­ry­şyň mak­sat­la­ry­nyň bi­ri — dün­ýä­ni Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy bi­len ta­nyş­dyr­mak bo­lup dur­ýar. Bi­ziň ýur­du­myz giň ge­rim­li şeý­le sport çä­re­si­niň — “Ýü­pek ýo­ly — 2009” at­ly ral­li-reý­diň ba­şy­ny baş­lap, ol ýa­ryş Rus­si­ýa­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­den geç­di hem-de dün­ýä­niň sport bi­le­le­şi­gi­niň oňyn ba­ha­sy­na eýe bol­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz myh­ma­na “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li ýa­ry­şy my­na­sy­bet­li çy­ka­ry­lan ýa­dy­gär­lik teň­ňe­le­ri­niň top­lu­my­ny gow­şur­dy. Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da Ser­geý Ko­go­gin kom­pa­ni­ýa bil­di­ril­ýän ynam üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, “KA­MAZ” açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň gel­jek­de hem öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň kuw­wa­ty­ny ne­ti­je­li ama­la aşyr­mak mak­sa­dyn­da äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­di­gi­ni bel­le­di.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow