Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türk­me­nis­tan­da Tai­land Pa­ty­şa­ly­gy­nyň il­çi­si işe baş­la­dy
Syýasy habarlar
Türk­me­nis­tan­da Tai­land Pa­ty­şa­ly­gy­nyň il­çi­si işe baş­la­dy
Çap edildi 13.09.2018
1472

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa Tai­land Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si ha­nym Pan­ti­pa Iam­sud­ha Ýe­ka­ro­hit­den ynanç ha­ty­ny ka­bul et­di. Mil­li par­la­men­tiň ýol­baş­çy­sy döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň adyn­dan Tai­lan­dyň do­ly yg­ty­ýar­ly we­ki­li­ni jo­gap­kär­li dip­lo­ma­tik we­zi­pä bel­le­nil­me­gi bi­len gut­lap, iki ýur­duň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek işin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. Il­çi öz no­ba­tyn­da hoş­ni­ýet­li ar­zuw­lar üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mä­ge hem-de iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga hem­me­ta­rap­la­ýyn ýar­dam et­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny be­ýan et­di. Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da il­çi Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş ugur­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy, giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek şol sy­ýa­sa­tyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şeý­le hem dip­lo­mat mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ryn­da we jem­gy­ýe­tiň dur­mu­şyn­da ama­la aşy­ryl­ýan tas­la­ma­lar bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. Hu­su­san-da, ila­ty sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne çek­mek, spor­ty we sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­le­riň oňyn­dy­gy bel­le­nil­di. Ha­nym Pan­ti­pa Iam­sud­ha Ýe­ka­ro­hit Mej­li­siň dü­zü­mi hem-de köp­ta­rap­la­ýyn iş­le­ri bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. Tai­lan­dyň do­ly yg­ty­ýar­ly we­ki­li öz ýur­du­nyň Türk­me­nis­tan bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn iş­jeň­leş­dir­mä­ge hem-de gy­zyk­lan­ma dö­red­ýän dür­li ugur­lar bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­na uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da uly müm­kin­çi­lik­le­re eýe bo­lan iki ýur­duň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki döw­rüň ýag­daý­la­ry­na hem-de öza­ra bäh­bit­le­re la­ýyk gel­ýän türk­men-tai­land gat­na­şyk­la­ry­ny tä­ze de­re­jä çy­kar­mak üçin äh­li şert­le­re eýe bo­lup dur­ýan­dy­gy­na ynam bil­di­ril­di. Şeý­le hem iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ber­kit­me­giň mö­hüm şer­ti bo­lup hyz­mat ed­ýän par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge taý­ýar­ly­gyň bar­dy­gy bel­le­nil­di. *** Şu gün Tai­land Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de ka­bul edil­di. Döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­giň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir al­şyl­dy. Şeý­le hem mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gin­de, “Türk­men­gaz” döw­let kon­ser­nin­de hem-de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­sin­de du­şu­şyk­lar göz öňün­de tu­tul­dy.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow