Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
Çap edildi 18.09.2026
45

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hormatly agzalary!
Eziz doganlar!

Sizi eziz Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde paýtagtymyzda geçirilýän Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň toýly günlerinde geçirilýän bu maslahatyň dünýä türkmenlerini bir supranyň başynda jebisleşdirip, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Gadyrly doganlar!

Mukaddes Garaşsyzlygymyz biziň ähli ösüşlerimiziň, ýeten belent sepgitlerimiziň binýadydyr. 1991-nji ýylyň altyn güýzünde Garaşsyzlygymyzyň gazanylmagy bilen, ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň esaslary berkidildi. Milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmakda, döwletimiziň dünýä bileleşigindäki ornuny pugtalandyrmakda ägirt uly işler amala aşyryldy. Garaşsyzlyk milli gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, nesilden-nesle geçip gelýän parahatçylyk söýüjilik, dostluk, ynsanperwerlik däplerimizi Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrmaga mümkinçilik berdi. Türkmen halkynyň baý medeniýetini, özboluşly däp-dessurlaryny, taryhyny, häzirki döwürde gazananlaryny wagyz etmekde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigine aýratyn orun degişlidir.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy bellenilýän ýylda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň döredilmegine hem 35 ýyl doldy. Şu geçen döwürde birleşik Zeminiň çar künjeginde ýaşaýan doganlarymyzy bir saçagyň başyna jemläp, Watanymyzyň ösüşlerini dünýä ýaýmak, ykdysady, medeni, ylym, bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, telekeçilik ýaly ulgamlarda gatnaşyklarymyzy ösdürmek, maddy we ruhy mirasymyzy baýlaşdyrmak ugrunda netijeli işleri alyp barýar. Birleşigiň agzalary Garaşsyz Türkmenistanyň täze taryhyna şöhratly sahypalary ýazýan şanly wakalara, toý-baýramlarymyza şaýat bolýarlar.

Hormatly adamlar!
Eziz doganlar!

Halkymyzyň milli buýsanjy bolan Garaşsyzlyk döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, umumadamzat bähbitli başlangyçlary ilerletmäge hem mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 160-dan gowrak ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýup, abraýly halkara we sebit guramalarynyň 55-siniň agzasy bolup durýar. Parahatçylyk dörediji merkez hökmünde giňden ykrar edilýän ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge mynasyp goşant goşýar.

Halklary birek-birek bilen has-da ýakynlaşdyrmak, dostluk, ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerimizi dabaralandyrmak biziň baş maksadymyzdyr. Şundan ugur alyp, biz Ýer ýüzüniň ähli döwletleri, şol sanda türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berýäris. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň döredilmegi bolsa taryhyň dürli döwürlerinde dünýäniň çar künjeginde mesgen tutunan watandaşlarymyzy bir bitewi ynsanperwer guramanyň daşynda jemlemäge ýol açdy.

Gadyrly doganlarymyz!

Eziz Watanymyz — gözümiziň göreji, başymyzyň täji. Watana bolan söýgi ýüreklerimizde baky orun alan päkize duýgudyr. Mähriban halkymyzy we dünýä türkmenlerini birleşdirýän gymmatlyk hem Bitarap Watanymyz, mukaddes topragymyz hakyndaky beýik düşünjelerdir. Daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyzyň Diýarymyzda durmuşa geçirilýän döwletli işlere buýsanyp, ynsanperwer içeri we daşary syýasatymyzy tüýs ýürekden goldamaklary bizi täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň alyp barýan işleri has-da kämilleşýär. Zeminiň çar künjegine ýaýran kowumdaşlarymyza taryhy ata Watany bilen ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge ýardam bermek, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek bolsa birleşigiň esasy maksady hökmünde kesgitlenendir. Dünýä türkmenleriniň geljekde parahatçylygy, howpsuzlygy, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrundaky başlangyçlarymyzy wagyz etmäge has işjeň gatnaşjakdуklaryna, Garaşsyz Watanymyz hakyndaky beýik düşünjelerimizi Ýer ýüzünde dabaralandyrmaga mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hormatly agzalary!
Eziz doganlar!

Sizi Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny mundan beýläk-de belende götermek, dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
top-arrow