Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň başlygyny kabul et­di
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň başlygyny kabul et­di
Çap edildi 12.09.2018
2064

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň Di­wa­ny­nyň baş­ly­gy we iş do­lan­dy­ry­jy­sy Mah­mud Wae­zi­ni ka­bul et­di. Myh­man wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ho­şal­lyk bil­di­rip, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň mä­hir­li sa­la­my­ny hem-de äh­li türk­men hal­ky­na üs­tün­lik­ler we aba­dan­çy­lyk ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, je­nap Mah­mud Wae­zi mil­li Li­de­ri­mi­zi düýn ba­dal­ga alan, Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­ra­ýy­ny has-da ber­kit­jek “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si bi­len gut­la­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Eý­ran saz­la­şyk­ly ösüş ýo­lu­na dü­şen we ägirt uly yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri bo­lan Türk­me­nis­tan bi­len dost­luk gat­na­şyk­la­ry­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne äh­mi­ýet ber­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow hoş­ni­ýet­li söz­le­ri üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip we do­gan­lyk ýur­duň döw­let Baş­tu­ta­ny­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan edip, dost­lukly hem-de hoş­ni­ýet­li döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ýyl­sa­ýyn tä­ze ma­ny-maz­munda baý­laş­dy­ryl­ýan­dy­gy­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­miz türk­men-eý­ran hyz­mat­daş­ly­gy­nyň köp­ýyl­lyk ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň kuw­wat­ly bin­ýa­dy­na esas­lan­ýan­dy­gy­ny bel­läp, hyz­mat­daş­ly­gyň äh­li ugur­lar bo­ýun­ça mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, ge­çen ýyl­la­ryň do­wa­myn­da dö­re­di­len yg­ty­bar­ly ka­da­laş­dy­ry­jy-hu­kuk bin­ýa­dy­na da­ýan­ýan söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki ýag­da­ýy we ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­tan bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­ryň özü­ne gel­je­gi uly ugur­la­ry bir­leş­dir­ýän­di­gi­ni hem-de iki döw­le­tiň mil­li bäh­bit­le­ri­ne ky­bap gel­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek üçin ägirt uly kuw­wa­tyň bar­dy­gy­nyň bi­le­lik­dä­ki iri me­ýil­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, iki ýurt ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li ama­la aşy­ry­lan tas­la­ma­la­ryň en­çe­me­si dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­na la­ýyk gel­ýär we dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we myh­man ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi­ni hem ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň çäk ba­bat­da amat­ly ýer­leş­me­gi hem-de ägirt uly te­bi­gy se­riş­de­le­riň bol­ma­gy bi­len bag­ly­lyk­da bu ul­gam­da giň müm­kin­çi­lik­ler bar. Şeý­le ýag­daý bol­sa ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de iki­ta­rap­la­ýyn ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ze­rur­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy hä­zir­ki döw­rüň der­wa­ýys me­se­le­si bo­lup dur­ýar di­ýip hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da se­bit­de ulag-ara­gat­na­şyk dü­zü­mi­ni ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň we Eý­ra­nyň hal­ka­ra äh­mi­ýet­li ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­ni gur­mak bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge uly üns ber­ýän­di­gi nyg­tal­dy. Tu­tuş Ýew­ra­zi­ýa gi­ňiş­li­gin­de ulag gat­naw­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran trans­mil­li de­mir ýo­ly mu­nuň aý­dyň my­sal­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ha­zar bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri hem ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, myh­man hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň şu ýy­lyň aw­gust aýyn­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ak­tau şä­he­rin­de ge­çi­ri­len V sam­mi­tin­de öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy. Yn­san­per­wer ul­gam­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň ugur­la­ry­na aý­ra­tyn üns be­ril­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, öz göz­ba­şy­ny ru­hy-me­de­ni gym­mat­lyk­la­ryň umu­my­ly­gyn­dan alyp gaýd­ýan öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk türk­men-eý­ran gat­na­şyk­la­ry­nyň pug­ta bin­ýa­dy bo­lup dur­ýar. Bi­ziň halk­la­ry­my­zy asyr­la­ryň jüm­mü­şi­ne uzap gid­ýän ta­ry­hy kök­ler, ga­dy­my hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry bag­la­nyş­dyr­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di we bi­le­lik­de ge­çi­ril­ýän me­de­ni çä­re­le­riň, dür­li fo­rum­la­ryň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy. Şeý­le hem söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ka­da­laş­dyr­ma­gyň has ne­ti­je­li gu­ral­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak mak­sa­dy bi­len dö­re­di­len Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra to­pa­ryň işi­niň Türk­me­nis­ta­nyň we Eý­ra­nyň işe­wür­ler to­par­la­ry­nyň ara­syn­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nü­den-gö­ni hyz­mat ed­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow we Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň Di­wa­ny­nyň baş­ly­gy we iş do­lan­dy­ry­jy­sy Mah­mud Wae­zi iki dost­luk­ly ýur­duň hem-de halk­la­ryň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler. Du­şu­şy­ga Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Se­ýed Mo­ham­mad Ah­ma­di gat­naş­dy.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow