07.02
2020
Ezizgeldi Orazmuhammedowiç Annamuhammedowy Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
07.02
2020
Rahym Nurgeldiýewiç Gandymowy Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
07.02
2020
Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekowy Türkmenistanyň energetika ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
07.02
2020
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagat, ulag we aragatnaşyk pudaklaryny düýpli özgertmek hem-de bu pudaklary dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly olaryň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
07.02
2020
Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
07.02
2020
Goçmyrat Aşyrmuhammedowiç Myradowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
07.02
2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Annagulyýewiç Saparowy Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine saýlamak hakynda Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň 2020-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 4/1-nji karary tassyklanyldy.
06.02
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň 2020-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamak, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
06.02
2020
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem ýolagçylara edilýän hyzmatlary halkara derejelere çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
05.02
2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.