Baş sahypa
\
Medeniýet
\
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
Medeniýet
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
Çap edildi 10.09.2026
39

Şu gün paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýaş zehinleriň arasynda meşhur bolan bu döredijilik gözden geçirilişi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýär.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilýän bäsleşik ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, olaryň halkymyzyň egsilmez ruhy hazynasyna, baý aýdym-saz medeniýetine aralaşmaklaryna ýardam berýär. Ol soňky ýyllarda köp sanly täze ýyldyzlaryň ýüze çykmagynda möhüm orna eýe boldy.

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň çykyşlaryna tomaşa etmek üçin paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar. Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bäsleşige gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Bellenilişi ýaly, sungat äleminde yz goýmak ussatlygy talap edýär. Aýdym-saz sungatynda ussatlyga ýetmek üçin meşhur halypalaryň ýerine ýetirijilik aýratynlygyny öwrenmek, halypa-şägirtlik mekdebini geçmek esasy zerurlykdyr. Halkyň kalbyna ornan aýdym-sazlar milli medeniýetimiziň genji-hazynasydyr. Şol hazynany baýlaşdyrmak bolsa ýaş aýdymçylarymyzyň mukaddes borjudyr. “Aýdymçy ýaşlar, siz öz tebigy sesiňiz, ýerine ýetirijilik aýratynlygyňyz bilen sungat äleminde öz ornuňyzy tapmalysyňyz! Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen aýdym-saz sungatynyň geljekki ösüşleri size baglydyr. Biz aýdymçy ýaşlarymyzyň — siziň geljegiňize uly umyt bildirip, watandaşlarymyzyň göwünlerini ganatlandyrýan aýdymlary belent heňde ýerine ýetirjekdigiňize hem-de milli sungatymyzyň bütin dünýädäki meşhurlygynyň artmagyna öz goşandyňyzy goşjakdygyňyza berk ynanýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň barha ýakynlaşýan günlerinde ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrunda yglan edilen bäsleşikleriň jemleriniň jemlenmegi baýramçylyk ruhuny has-da belende göterýär. Bu bäsleşikler döredijilik we sungatyň dürli ugurlary bilen meşgullanýan ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagy, olaryň höweslendirilmegi, ussatlyk ýoluna gadam basmaklary üçin döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikleriň döredilýändigini görkezýär. Şolaryň hatarynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi hem höwesjeň aýdymçy ýaşlary aýdym-saz sungatynyň rowaç menzillerine ruhlandyrýar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň hatarynda Diýarymyzyň ähli künjeklerinden döredijilik toparlarynyň aýdymçylary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, medeniýet ulgamynyň, beýleki pudaklaryň işgärleri bar. Bäsleşigiň deslapky etrap, şäher, welaýat tapgyrlarynyň dowamynda iň mynasyp wekiller saýlanyldy.

Häzirki wagtda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň döredijilik taýdan kämilleşmekleri babatda ähli şertler döredilip, döwrebap medeniýet merkezleri gurulýar. Jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň aglabasy başlangyç aýdym-saz bilimini sungat mekdeplerinde aldylar. Döredijilik bilen meşgullanmak, milli aýdym-saz sungatymyzyň şöhratyny artdyrmaga ukyply, zehinli ýerine ýetirijileri ýüze çykarmak üçin hemme mümkinçilikler döredilen oba medeniýet öýlerinde döredijilik ukyplaryny ýüze çykardylar.

Döredijilik bäsleşigi üç tapgyrda geçirildi. Onuň deslapky etrap, welaýat tapgyrlaryny üstünlikli geçip, jemleýji tapgyra çykan aýdymçylara bu gözden geçiriliş ýaş zehinleriň sungat älemine barýan ýolunda möhüm badalga bolan bolsa, tomaşaçylar üçin ýaş zehinler bilen tanyşdyrýan hakyky baýramçylyga öwrüldi. Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň hersinden ýaş zehinleriň 2-si jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Netijede, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda iň ökde ýaş aýdymçylaryň 14-si bäsleşdi. Olar nusgawy, halk hem-de döwrebap aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gatnaşyjylaryň döredijilik çykyşlary sazly görnüşde ýaňlandy. Şunda olaryň aýdym aýdyş ukyby bilen birlikde, ýerine ýetirijiliginiň özboluşlylygy, sahnada özüni alyp barşy-da göz öňünde tutuldy. Emin agzalarynyň öňünde ýeňil bolmadyk, zehinliden zehinli ýaş aýdymçyny saýlamak wezipesi goýuldy. Şanly sene mynasybetli bäsleşigiň jemleýji tapgyryna we gala konserte geçen ýyllaryň şeýle gözden geçirişleriniň ýeňijileri-de çagyryldy. Munuň özi türkmen medeniýetinde halypa-şägirtlik ýolunyň iň gowy däpleriniň dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetiren «Garaşsyzlyk şanyna ýaňlan, ýaňlan, Diýarym!» atly aýdymy konsertiň joşgunly başlanmagyna itergi berip, döredijilik gözden geçirilişiniň özboluşly senasyna öwrüldi. Soňra bäsleşige gatnaşyjylar Aşgabat agşamynyň owadan öwüşginlerinde aýratyn dabara bilen gurşalan açyk sahna meýdançasynda gezekli-gezegine çykyş etdiler. Olaryň arasynda eýýäm aýdymlary söýlüp diňlenilýän belli aýdymçylar hem bar. Olaryň birnäçesi köpöwüşginli şekilli aýdymlary bilen giň halk köpçüliginiň arasynda ykrar edilýär. Ýaş ýerine ýetirijiler häzirki zaman aýdym-sazlaryny özünde jemleýän joşgunly çykyşlaryny tomaşaçylara hödürlediler. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň döredijiligine berýän üns-aladasyndan ruhlanyp, bäsleşige gatnaşyjylar paýtagtymyzdaky kaşaň sahnada özleriniň aýdym-sazlaryny aýratyn ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň guramaçylary yzygiderli goldawlaryň we aladalaryň netijesinde bu çäräniň ýaş zehinleriň barha köp sanlysyny öz hataryna çekýändigini hem-de olaryň hünär ussatlyklarynyň derejesini görkezýändigini aýratyn nygtadylar. Bäsleşige gatnaşyjylar aýdym-sazly çykyşlarynda Watanymyzy, halkymyzyň köpasyrlyk taryhyny, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan ösüşleri, bu ösüşleriň janly keşbine öwrülen behişdi bedewleri, tebigat gözelligini, ene topraga söýgini wasp edýän halk hem-de döwrebap aýdymlary ýerine ýetirdiler. Käbir ýerine ýetirijiler nusgawy şahyrlaryň sözlerine ajaýyp türkmen kompozitorlarynyň döreden aýdymlaryny hödürlediler. Çykyşlaryň maksatnamasyna geçen ýyllaryň meşhur eserleri-de girizildi. Olarda häzirki zaman äheňleri, gadymy halk mukamlary sazlaşykly utgaşdy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, halkymyzyň ruhy-medeni hazynasyny baýlaşdyrýan aýdym-saz eserleriniň dowamatlylygy ýaş aýdymçylaryň döredijiliginde, aýdymlarynda we sazlarynda öz beýanyny tapýar. Her bir aýdym-saz çykyşy kompozisiýasy, usuly, özboluşly ýerine ýetirilişi bilen tapawutlandy hem-de tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Sahnada bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar bilen birlikde, ozalky bäsleşikleriň ýeňijileri hem bar. Olaryň köpüsi üçin «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi many-mazmuna, baý döredijilik durmuşyna, uly estrada ýol açdy. Bäsleşige gatnaşyjylar ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, milli sungatymyzy şöhratlandyrmagyň bähbidine ägirt uly özgertmeleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyň joşgunly beýany bolan aýdymlary ýerine ýetirdiler. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyny baýram edýän Watanymyza bagyşlanan aýdym konsert çykyşlarynyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

Aýdym-saz baýramçylygy tamamlanandan soňra, bäsleşigiň jeminiň jemlenilmegi we ýeňijileriň yglan edilmegi iň tolgundyryjy pursat boldy. Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda 7 sany ýeňijiniň ady yglan edildi. Olar ýörite diplomlara hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyryna mynasyp boldular. Şeýle-de bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisine döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ýeňijiler döredijilikli zähmet çekmäge, hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga ähli şertleriň döredilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
09.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.09
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
top-arrow