12.02
2020
Şu gün, 12-nji fewralda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanylmagyna üç ýyl dolýar.
11.02
2020
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bellenilýän şu ýylda milli parlamentiň işiniň esasy ugurlary anyklaşdyryldy.
11.02
2020
Biziň, haýsydyr bir jogapkärli işe başlanymyzda halkymyz bilen geňeşip, onuň pikirine esaslanmak ýaly ajaýyp milli däbimiz bar. Şu parasatly däbe eýerip, biz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň wezipelerini ara alyp masla-hatlaşmak üçin şu gün siziň bilen duşuşýarys.
10.02
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonsony kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.
10.02
2020
Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Çary Kakamyradowiç Ataýewi Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekilçiliginiň baştutany wezipesine bellemeli.
07.02
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň 2019-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň we aýry-aýry ministrleriň hasabatlary diňlenildi. Mejlisiň barşynda ýerine ýetirilen işlere baha berildi, şu ýylda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi hem-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi.
07.02
2020
Men häzir geçen ýylda edilen işleriň gysgaça jemlerini jemlemek, şeýle hem şu ýyl çözmeli ileri tutulýan wezipelerimizi kesgitlemek isleýärin.
07.02
2020
Şu gün paýtagtymyzda Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň ikinji duşuşygy tamamlandy.
07.02
2020
Gadyrgeldi Müşşikowiç Müşşikowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.
07.02
2020
Şamuhammet Durdylyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesinden boşatmaly.