Baş sahypa
\
Resmi
\
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Resmi
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Çap edildi 10.09.2026
3579

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen aýdym-saz sungatyny has-da kämilleşdirmek, täze aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeleri, ajaýyp zamanamyzy wasp etmek, il içinden zehinli aýdymçy ýaşlary ýüze çykarmak we höweslendirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, özleriniň ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan höwesjeň aýdymçy ýaşlary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu aýdymçy ýaşlary “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysadyýet fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Kerem Atabaýew;

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň 4-nji ýyl talyby Perhatmuhamet Esenow;

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýlar Şöhradowa;

Balkan welaýat Medeniýet müdirliginiň Etrek etrap medeniýet bölüminiň Madaw oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Baýrammyrat Ýakubow;

Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň Akdepe etrap medeniýet merkeziniň tans artisti Röwşen Kakaýew;

Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Dänew etrap medeniýet bölüminiň Ýyldyz oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Atamurat Muhtarow;

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň sanly ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Mähri Akmyradowa.

Soňky habarlar
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
top-arrow