05.02
2020
Şu gün paýtagtymyzda Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky duşuşygy tamamlandy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen Daşary işler ministrligi, Ykdysadyýet we maliýe ministrligi hem-de Hazar deňzi instituty tarapyndan guraldy.
04.02
2020
Milli Liderimiz möhüm desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy we atçylyk toplumlaryna baryp gördi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyzyň düzümini mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamalary, dürli maksatly desgalaryň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
04.02
2020
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň halk artisti Polat Bilbil ogluna doglan gününiň 75 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
03.02
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, şeýle hem Merkezi bankyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
03.02
2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwletgeldi Mämmedowiç Garaýew Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
03.02
2020
Arman Muhammetnazarowiç Gurbanowy Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
02.02
2020
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dilini we edebiýatyny ylmy esaslarda öwrenmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
01.02
2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Medeniýet ministrliginiň towakganamasy esasynda Röwşen Taýyrowiç Hojamow «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
31.01
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler we birnäçe resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
31.01
2020
Şu gün paýtagtymyzda Hazar deňzinde gözleg we halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň ikinji duşuşygy tamamlandy.