Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde iş maslahatyny geçirdi. Onda bu iri merkeziň birinji tapgyrynyň tamamlanyp barýan gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda geljekde ýerine ýetirilmeli, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Maslahata Milli Geňeşiň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we degişli jogapkär ýolbaşçylar çagyryldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana hem-de BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma Birleşen Arap Emirlikleriniň milli baýramy — Döwletiň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabiany kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Werner Ýohannise we ýurduň ähli halkyna Rumyniýanyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Awstriýa bilen Türkmenistanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Tomas Şuller-Götzburgy Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we ýurduň ähli halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň ozalky Başlygy, görnükli syýasy hem-de döwlet işgäri Szýan Szeminiň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şuller-Götzburgdan ynanç hatyny kabul etdi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň adyndan we hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine HHR-iň ozalky Başlygy, görnükli syýasy hem-de döwlet işgäri Szýan Szeminiň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygy hanym Neda Berger bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.