Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
Çap edildi 30.11.2022
1209

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şuller-Götzburgdan ynanç hatyny kabul etdi.

Mejlisiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi mynasybetli gutlap, oňa Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda dostlukly we köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat, öz nobatynda, türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi parahatçylyk söýüjilikli syýasaty, oňyn başlangyçlary bilen uly halkara abraýa eýe bolan döwletde Awstriýa wekilçilik etmegi özi üçin hormat hasaplaýandygyny aýtdy.

Söhbetdeşligiň barşynda Awstriýanyň doly ygtyýarly wekiline Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler hem-de iri halkara taslamalar barada giňişleýin maglumat berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän, türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen durmuş ugurly syýasata aýratyn üns çekildi.

Şeýle-de awstriýaly diplomat Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň düzümi hem-de alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklaryň, köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalaryň we düzümleriň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine özara gyzyklanma beýan edildi.

Ilçiniň belleýşi ýaly, Awstriýada iki ýurduň arasynda ýola goýlan dostluk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berilýär. Şu günler Aşgabatda geçirilýän Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty hem-de Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi munuň subutnamasydyr. Söwda-ykdysady, ylym we ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk, şeýle hem iki halkyň dostluk, özara düşünişmek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän medeni hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Duşuşygyň ahyrynda Tomas Şuller-Götzburg öz ýurdunyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili hökmünde iki halkyň we döwletiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge işjeň ýardam etjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow