Şu gün paýtagtymyzda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň birnäçe döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, geçen mejlislerde öňe sürlen teklipleri iş ýüzünde ýerine ýetirmek, sazlaşykly ösýän hyzmatdaşlygyň geljekki täze ugurlaryny kesgitlemek meseleleri girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Tunis Respublikasynyň Prezidenti Kais Saide we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Tunis Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy, şeýle-de işewürler maslahatyna gatnaşdy we Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewi kabul etdi.
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynda resmi saparda bolmagynyň çäklerinde dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo bilen duşuşdy.
Sizi «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň we maslahatyň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, aýdym-saz sungatynda uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin.
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Koreýa Respublikasyna ugrady.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy, şeýle-de käbir möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.