22.04
2015
Gökdere, 22-nji aprel (TDH). Şu gün gözel Gökdere jülgesiniň golaýynda, dag eteginde her ýyl geçirilýän däbe öwrülen uzak aralyga atly ýöriş geçirildi. Halkara atçylyk-sport toplumynda bolsa bedewleriň päsgelçiliklerden bökmek boýunça bäsleşigi boldy. “Türkmenatlary” döwlet birleşigi, Sport baradaky döwlet komiteti we Atçylyk sportunyň milli merkezi tarapnydan guralan ýaryşlaryň ikisi hem Türkmen bedewiniň baýramyna gabatlandy.
05.04
2015
“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” diýen şygar astynda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleriň her bir güni gyzykly çärelere we wakalara beslenýär.
03.04
2015
Aşgabbat, 3-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Aziada – 2017-ä hem-de parahatçylygyň we rowaçlygyň hatyrasyna sporty ösdürmekde Türkmenistanyň ornuna bagyşlanyp, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetiriji komitet, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň we Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan halkara maslahatynyň çäklerinde halkara sport media-forumy geçirildi.
03.04
2015
Aşgabat, 2-nji aprel /TDH/. Şu gün paýtagtymyzda “Aziada-2017 we Türkmenistanyň ösüşiň hem-de parahatçylygyň bähbidine sportda tutýan orny” atly Halkara maslahaty açyldy.
02.04
2015
Kikboksyň türkmen mekdebiniň türgenleri köp ýyllaryň dowamynda halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri görkezip gelýärler. Ine, bu gezek hem olar Latwiýada we Germaniýada ýakynda geçirilen uly ýaryşlaryň birbada ikisinde tapawutlandylar.
02.04
2015
Aşgabat, 2-nji aprel (TDH). “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň ikinji güni welýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda küşt boýunça ýaryş bilen dowam etdi.
02.04
2015
Aşgabat, 2-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Aziada—2017 we Türkmenistanyň ösüşiň hem-de parahatçylygyň bähbidine sportda tutýan orny” atly Halkara maslahaty açyldy.
01.04
2015
Aşgabat, 1-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanda “Saglyk we bagtyýarlyk” atly şygar bilen, köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş we jemgyýetçilik çäreleriň biraýlygy başlandy.
31.03
2015
Türkmenabat, 31-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenabat şäheriniň 5-nji ýöriteleşdirilen sport mekdebinde sport gimnastikasy boýunça Türkmenistanyň çempionaty boldy. Oňa ýurdumyzyň sebitleriniň birnäçesinden sportuň bu görnüşiniň ussatlarynyň 80-e golaýy gatnaşdy. Däp bolşy ýaly, medallar ugrundaky esasy göreş aşgabatlylaryň we ýer eýeleriniň arasynda ýaýbaňlandyryldy.
31.03
2015
1-nji aprelde — Türkmenistanda uly möçberli çäre —“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” diýen şygar astynda köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş we jemgyýetçilik-medeni çäreleriň biraýlygy badalga alýar.