Baş sahypa
\
Sport
\
Ruhubelentleriň hatary artýar
Sport
Ruhubelentleriň hatary artýar
Çap edildi 05.04.2015
1549

“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” diýen şygar astynda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleriň her bir güni gyzykly çärelere we wakalara beslenýär. Ynha, 3-nji aprelde birwagtda birnäçe tagtada küşt oýnamak boýunça ýaryş we orta hünärment mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda ýaryşlar geçirildi. “Galkynyş” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda bolsa başa-baş we söweş sungatlarynyň ussatlarynyň çykyşlary boldy. Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde halkara grossmeýsteri Maksat Atabaýew birwagtda ýüz tagtada küşt ýaryşyny geçirdi. Şu mekdebiň okuwçylary onuň bäsdeşleri bolup, olar 8 sagatlyk intellektual marafonyň dowamynda ussat küştçiniň garşysyna oýnamaga synanyşdylar. Netijede Maksat Atabaýew 96 ýeňiş gazandy we 3 döwüni deňme-deň oýnady. Ol diňe 11 ýaşly Muhammet Ezizowdan asgyn geldi. Mahlasy, ýaryş wagty bu ýerde bolan Aziýanyň Küşt Federasiýasynyň baş sekretary Hişam Al Taher Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebiniň türgenleriniň taýýarlyk derejesine ýokary baha berdi. Ol Aziada—2017-ä bagyşlanan halkara maslahatynyň işine gatnaşmak üçin paýtagtymyza geldi. Küşt Türkmenistanda sportuň meşhur görnüşleriniň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem biziň küşt boýunça ussatlarymyz dünýäniň abraýly ýaryşlarynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip, olaryň baş baýraklaryny gazanýarlar. Biziň şeýle zehinlerimiziň biri şeýle hem Maksat Atabaýew bolup durýar. Ol eýýäm 19 ýaşynda halkara grossmeýsteri derejesine eýe bolup, halkara ýaryşlarynyň altyn medallaryna mynasyp boldy. Mysal üçin, şu ýylyň martynda Maksat Wengriýada küşt boýunça geçirilen “Tirst Saturday” ýaryşynyň “Rapid” görnüşinde (“tiz” küşt diýlip atlandyrylýar”) ýeňiji bolmagy başardy. Orta hünärment mekdepleriniň toparlarynyň bäsleşikleri barada aýdylanda bolsa, olar ýüp çekmekde we stoluň üstünde tennis oýnamakda güýçlerini synap gördüler. Birinji ýaryşnda ýeňiş energetikleriň hünärmentçilik mekdebiniň okuwçylaryna miýesser etdi, ikinjisinde bolsa geljekki demirýolçular öňe saýlandylar. 4-nji aprelde Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynyň buzly meýdançasynda figuralaýyn typyjylaryň görkezme çykyşlary boldy. Olar geçen hepdäniň, dürli öwüşginli sport çäreleriniň birine öwrüldi. Buzly meýdançada ýaýbaňlanan şowhun ajaýyp saz bilen utgaşyp, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiň we sport mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetirmegindäki ajaýyp çykyşlary açyp görkezdi. Tälimçiler Karina Mowsesýanyň, Jennet Nurýagdyýewanyň we Aýhanym Gulamalyýewanyň şägirtleriniň ýerine ýetirmeginde 17 sany sahna görkezildi. Şol günler figuralaýyn typmak boýunça dünýä belli halypa Russiýanyň at gazanan tälimçisi Ýelena Çaýkowskaýa Aşgabatda boldy. Ol Russiýanyň sport mekdeplerinde bilim almak hem-de halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga taýýarlyk görmek üçin ýaş zehinli türkmen türgenlerini seçip almaga gatnaşdy. Ýelena Anatolýewna Çaýkowskaýa olimpiýa çempionlarynyň-- Aleksandr Gorşkow—Lýudmila Pahamowa, Gennadiý Karponosow—Natalýa Liniçuk, Ýewgeniý Platow—Oksana Grişşuk ýaly ady belli tans jübütleriniň tälimçisi hökmünde tanalýar. Ol görkezme çykyşlaryny synlanyndan soň şeýle diýdi: --Men figuralaýyn typmagyň özboluşly mekdebini gördüm, ol sport tansyny, tutuş çykyşy özünde sazlaşykly utgaşdyrýar. Türkmen türgenleri öz hereketlerini saza goşmagy başarýarlar. Siziň halypalaryňyz diňe bökülýän hereketleriň tehniki sahnasynyň üstünde işlemeli. Ýelena Çaýkowskaýanyň Aşgabada saparynyň sebäpleriniň biri XXIX Buz üstündäki tanslaryň Halkara çagalar festiwalaryna gatnaşmak üçin zehinli türkmen türgenlerini çesip almak bolup durýar. Bu festiwal 18-nji aprelde Moskwanyň “Lužniki” sport toplumynda geçiriler. Geçen ýyl bu festiwalda “Maral” tans toparyndan bolan figuraçylarymyz “Çykyşyň özboluşlylygy” diýen ugurda baş baýraga mynasyp boldular, 2013-nji ýylda bolsa “Iň gowy tans üçin” bäsleşikde ýeňiji boldular. Şonuň üçin şu ýyl hem görnükli rus täimçisiniň pikirine görä, türkmen türgenleriniň bu abraýly ýaryşlarda tapawutlanmak üçin ähli mümkinçilikleri bar. 4-nji aprelde Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda küşt boýunça geçirilen ýaryşlar bu intellektual oýnuň çempionyny kesgitledi. Şonda ýaryş sanawynyň başyny Mary welaýatynyň küştçüleri çekdiler.Aşgabat şäheriniň we Lebap welaýatynyň türgenleri degişlilikde ikinji we üçünji orunlary paýlaşdylar. Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinde bolsa kuraş boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Ýaryşa 150 türgen gatnaşdy. Toparlaýyn hasapda zenanlaryň we erkekleriň arasynda birinji orny Lebap welaýatynyň pälwanlary eýelediler. Şahsy hasapda Zebo Ýakşyýewa (48 kilograma çenli), Patma Hajyýewa (52 kilograma çenli), Zarina Abdurahmanowa (57 kilograma çenli), Göwher Atdaýewa (63 kilograma çenli), Oguljan Egeberdiýewa (70 kilograma çenli), Orazgül Seýidowa (78 kilograma çenli) we Hasiýat Urunowa (+ 78 kilograma çenli) çempion adyna mynasyp boldular. Erkekleriň arasynda Serdar Ahmedow (60 kilograma çenli), Negir Allaberdiýew (66 kilograma çenli), Nurýagdy Jepbarow (73 kilograma çenli), Muhammet Temirow (81 kilograma çenli), Ýalkap Myradow (90 kilograma çenli), Nuraly Ýalkabow (100 kilograma çenli) we Nesipjan Yzbasarow (+ 100 kilograma çenli) iň gowular boldular. Şol gün – 4-nji aprelde Dubaý şäherinde (BAE) Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 3-nji ýyl talyby Merdan Ataýew dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan 100-den gowrak suwda ýüzüjiler bilen bäsleşikde 50 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek boýunça 3-nji orny eýeledi. 19 ýaşly türgen suwda ýüzmek bilen Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Sergeý Ýepifanowyň ýolbaşçylygynda meşgullanýar. Geçen ýylyň awgust aýynda Stambulda 50 we 100 metr aralyklara geçirilen ýaryşda ol bürünç medal gazandy. Ýekşenbe güni – 5-nji aprelde paýtagtymyzyň sport mekdepleriniň okuwçylarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň Saglyk ýoluna çykmaklary uly bedenterbiýe baýramçylygyna öwrüldi. Dag ýodasynyň tamamlanýan ýerinde sagdyn durmuş ýörelgelerine eýeriji ýaşlary görkezme sport çykyşlary bilen Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary garşylaýarlar. Şu ýerdäki Aziada-2017-niň nyşanlary bolan şygarlar, dürli ýazgylar bilen bezelen meýdançada gimnastikaçylar, tennisçiler, samboçylar, boksçylar, karateçiler öz ussatlyklaryny görkezýärler, göreşiň pälwanlary güýç synanyşýarlar. Onuň ýanyndaky ýaşly meýdançada kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi. Maryda welosport boýunça Mary welaýatynyň açyk birinjiligi ugrunda ýaryş tamamlandy. Ýaryşa welaýatyň etraplaryndan we şäherlerinden iň oňat welosipedçileriň elliden gowragy “Galkynyş” gaz käninden badalga aldylar. Bu ýaryş 15 kilometr aralyga-alaňlaryň arasyndan gumly ýerler boýunça geçdi. Ýoluň ugry duýdansyz inim-çykymlara we çylşyrymly öwrümlere beslendi. Şonuň üçin hem welosiped ýaryşyna gatnaşyjylara uly ussatlyk we çydamlylyk görkezmek gerek boldy. Ýaryşyň netijesinde şahsy hasapda birinji orny Murgap etrabyndan Maksat Gurbanow, ikinji orny Mary etrabyndan Ata Atajanow we üçünji orny Baýramaly etrabyndan Akmyrat Durdymyradow eýelediler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, durmuş strategiýasynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýan sport ulgamynda döwlet syýasatynyň baş maksady sagdyn ruhly we berk bedenli nesilleri terbiýelemekden ybaratdyr. Munuň şeýledigini bolsa ýurdumyzda geçirilýän, gerimini giňeldýän we öz hatarlaryna ruhubelentleriň köpsanlysyny çekýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygy aýdyň görkezýär.

Soňky habarlar
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow