Baş sahypa
\
Sport
\
Aziýanyň çempionatynyň öňüsyrasynda
Sport
Aziýanyň çempionatynyň öňüsyrasynda
Çap edildi 08.05.2015
2115

Aşgabat, 8-nji maý (TDH). Şu gün «Galkynyş» sport toplumynda Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygyna bagyşlanyp, köpugurly söweş boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň final duşuşyklary geçirildi. Ýaryşa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden türgenleriň 200-den gowragy gatnaşdy. Olaryň hatarynda ýer eýeleri – paýtagtymyzyň türgenleri ýokary ussatlyk görkezip, umumy toparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler. Sport baradaky Döwlet komiteti we «hanmudo» söweş sungatynyň Milli merkezi tarapynda guralan bu ýaryş köpugurly söweş boýunça iýun aýynyň üçünji ongünlüginde Hojant şäherinde (Täjigistan) geçiriljek Aziýanyň çempionatyna taýýarlyk görmegiň iň soňky tapgyrlarynyň biri boldy. Munuň özi köpugurly sport toplumynyň meýdançalarynda göreşiň örän çekeleşikli bolmagyny şertlendirdi. Söweş sungatynyň bu görnüşi türkmenistanyň ýaş nesliniň arasynda aýratyn meşhurlyga eýedigi bilen tapawutlanýar. Köpugurly söweş boýunça ýaryşlar örän gyzykly geçýär we şoňa görä-de, her bir bäsleşige türgenleriň köpsanlysy gatnaşýar. Bu ýaryşlaryň tomaşaçysy hem ýetik bolýar. Bu söweş sungatynyň aýratynlygy onuň köpugurlydygyndan ybaratdyr. Sportuň bu görnüşiniň kadalarynda çäklendirmeler ýok diýen ýaly: bäsdeşler elleri we aýaklary bilen urgulary ýerine ýetirmekden başga-da, beýleki çylşyrymly emelleri ýerine ýetirip bilýärler. Şeýlelikde, köpugurly söweş boýunça ýaryşlara başa-baş söweşiň islendik görnüşiniň wekili gatnaşyp biler. Ýurdumyzyň şu çempionaty hem munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Onda birnäçe ugurlaryň — kýokuşinkaý, adaty karate we beýleki ugurlaryň wekilleri medallar ugrunda göreşdiler. Ýaryşa gatnaşanlar birnäçe ýetginjekler toparlarynda we ulularyň arasynda bäsleşdiler. Jemi medallaryň 27 toplumy ugrunda göreşildi. Aşgabatlylar uly artykmaçlyk gazanyp, netijede altyn medallaryň 15-sine mynasyp boldular: Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Orif Buharakow, şeýle hem tälimçiler Şöhrat Allaýewiň, Rustam Kurraýewiň we Wardan Petrosýanyň şägirtleri hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna galdylar. Umumy toparlaýyn bäsleşikde marylylar ikinji ýeri eýelediler. Nagmat Hojamämmedowyň şägirtleri altyn medallaryň 7-sine mynasyp boldular. Üçünji orny bolsa Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň toparlarynyň wekilleri paýlaşdylar. Olaryň her biri 2 ýeňiş gazanmagy başardy. Lebap welaýatynyň ýygyndysy bolsa bir altyn medala mynasyp boldy. Aziýanyň çempionatynyň öňüsyrasynda köpugurly söweşiň ussatlary milli derejedäki ýene-de bir ýaryşda — hapkido koreý söweş sungaty boýunça Türkmenistanyň çempionatynda güýç synanyşarlar. Bu ýaryş 13-16-njy maý aralygynda Aşgabatda geçiriler.

Soňky habarlar
11.03
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň belent ruhy bilen
11.03
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.03
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň, durnuklylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň binýadyny pugtalandyrmaga goşant
10.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik liderini gutlady
10.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 611 müň dollaryndan gowrak boldy
09.03
Halkyň abadan durmuşy baradaky alada — döwlet syýasatynyň esasy ugry
08.03
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara
08.03
Zenanlar we çagalar baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara zenanlar güni mynasybetli GUTLAGY
08.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna
top-arrow