Baş sahypa
\
Sport
\
Ýaryşa esasy gatnaşyjylar – ahalteke bedewleri
Sport
Ýaryşa esasy gatnaşyjylar – ahalteke bedewleri
Çap edildi 22.04.2015
1634

Gökdere, 22-nji aprel (TDH). Şu gün gözel Gökdere jülgesiniň golaýynda, dag eteginde her ýyl geçirilýän däbe öwrülen uzak aralyga atly ýöriş geçirildi. Halkara atçylyk-sport toplumynda bolsa bedewleriň päsgelçiliklerden bökmek boýunça bäsleşigi boldy. “Türkmenatlary” döwlet birleşigi, Sport baradaky döwlet komiteti we Atçylyk sportunyň milli merkezi tarapnydan guralan ýaryşlaryň ikisi hem Türkmen bedewiniň baýramyna gabatlandy. Uzak aralyga geçirilen ýörüşe ahalteke bedewleriniň 33-si – Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň, Goranmak we Içeri işler ministrilkleriniň, Balkan, Mary welaýatlarynyň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar. Ýaryşyň geçirilen aralygy 60 kilomtere deň bolup, onuň aralyk pellehanasy ýaryş ýolunyň deň ortasynda bellenildi. Ahalteke bedewleri diňe öz ýüwrükligini däl-de, eýsem, sport çydamlylygyny hem görkezmelidi: atlar bellenilen aralygy geçmegiň barşynda iki gezek – ýoluň ortasynda we pellehanada lukmançylyk gözegçiliginden (temperatura, ýüregiň urşy we dem alyş) geçirildi, bu gözegçilik bellenilen halkara ölçeglerine laýyk gelmelidir. Gamyşgulak bedewleriň örän çydamlydygyny nazara almak bilen, olaryň 60 kilometrlik ýoly ahyryna çenli gowy görkezijiler bilen geçmegi başarandyklaryny bellemek gerek. Köpsanly tomaşaçylar, şol sanda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VII Halkara ylmy maslahatyna we Halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylar üçin belli aýdymçylaryň we tans toparlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly çykyşlar guraldy. Ýaryşa gatnaşan bedewler barada aýdylanda bolsa, olar iri halkara ýaryşlaryna we çapyşyklaryna gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanan dünýä belli türkmen bedewleriniň neberesinden bolup durýandygyny bellemek gerek. Olaryň hatarynda gara dor Peýkam, gara reňkli Şahmerdan, dor reňkli Gökhan, mele reňkli Pyýada we sport zehinleri türkmen bedewleriniň häzirki nesline geçen beýleki atlar bar. Indi, atly ýaryşyň baş emini - Urugwaýdan gelen Guillermo Lokhardyň ýolbaşçylygyndaky eminler toparyna ýaryşyň ýeňijisini we baýrakly orunlary eýelän atlary kesgitlemek galýar. Ýaryşyň jemleri aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde – milli baýramçylyk güni yglan ediler. Atly ýaryş tamamlanandan soň geçirilen bedewleriň päsgelçiliklerden bökmek boýunça bäsleşigiň netijeleri hem şol gün yglan ediler. Sportuň olimpiýa görnüşi boýunça bu ýaryşa Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň, Atçylyk sportunyň milli merkeziniň, Goranmak we Içeri işler ministrlikleriniň wekilleri – toparlaryň dördüsi gatnaşdylar. Halkara atçylyk sport toplumynyň münberini dolduran hem-de ajaýyp ýaryşlaryň şaýatlary bolan köpsanly janköýerler türkmen çapyksuwarlarynyň 12-sine el çarpdylar. Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aziýanyň Olimpiýa geňeşi tarapyndan 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna atçylyk sporty (konkur) we türkmen milli göreşi girizildi. Munuň özi türkmen halkynyň asylly ýörelgeliriniň rowaç alýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Geçen ýylyň aprel aýynda bolsa Aşgabat şäheriniň atçylyk sport toplumynda Ýapyk manežli okuw merkeziniň binasy açyldy. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça atçylyga degişli milli ýörelgeleri dikeltmekde, ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek, türgenleri at çapmak, uzak aralyga ýöriş, konkur, şeýle hem at ustündäki oýunlar boýunça ussatlary taýýarlamak ugrundaky giň gerimli işiň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi. Häzirki wagtda türkmen atçylary sportuň bu görnüşinde ussatlyklaryny artdyrmak ugrunda yzyiderli türgenleşýärler. Türkmen bedewiniň baýramynyň öň ýanynda geçirilýän konkur boýunça häzirki ýaryş milli türgenlerimiziň taýýarlyk derejesini äşgär edýär. Ýaryşa gatnaşyjylar dürli beýiklikdäki we çylşyrymly päsgelçilikleriň onusyndan geçmelidi. Onuň düzgünine laýyklykda, bir päsgelçilikden iki gezek geçip bilmedik çapyksuwar baýrak ugrundaky bäsleşikden çykarylýardy. Ynha, bu ýaryşda hem bedewleriň hemmesi öňlerinde goýlan wezipelere ussatlyk bilen hötde gelmegi başardylar, bu bolsa bäsleşige bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy. Ýeňijiniň ady 26-njy aprelde belli bolar. Ýeri gelende ýatlasak, geçen ýyl ýaryşyň baş baýragyna F.Zaripowa Ýerbent II atly bedewi bilen mynasyp bolupdy. Ol bu gezek Türkmenistanyň konkur boýunça ussady diýen derejesini saklap bilermi?! Bu bolsa ýene birnäçe günden belli bolar...

Soňky habarlar
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow