Sport
20.10 2016
Ýewropanyň Söweş sungatlary merkeziniň ýerleşýän ýeri bolan Uden şäherinde (Niderlandlar) hanmudo boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Orif Buharakow gatnaşdy. Ildeşimiz GDA ýurtlaryndan bu okuw maslahatyna çakylyk alan hem-de soňra söweş sungatlarynyň iň ýokary danyny almak ugrunda synag tabşyran ýeke-täk tälimçidir.
17.10 2016
Höwesjeňler atletika bileleşiginiň (HAB) geçiren ýatan ýeriňden ýörite esbapsyz agyrlygy götermek boýunça Las-Wegasda (ABŞ) geçen, dünýä çempionatynda ildeşlerimiz altyn medallaryň ikisine mynasyp boldular. Merdan Nursähedow (83 kilograma çenli agram derejede) hem-de Döwletnazar Atanazarow (120 kilogramdan ýokary agramda) hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdylar. Türgenlerimiz öz gazanan üstünliklerini ýurdumyzyň baş baýramyna--Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşladylar.
16.10 2016
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna bary-ýogy 11 aý galdy. Şonuň üçin hem türkmen türgenleri bu iri sport ýaryşlaryna halkara hünärmenleriniň hem ýolbaşçylygynda ykjam taýýarlyk görýärler. Häzirki wagtda belli hünärmen, Russiýa Federasiýasynyň at gazanan tälimçisi Albert Kolybin Aşgabatda işleýär. Ol ýarym ýylyň dowamynda welosipedçilerimiz bilen Aziada-2017-niň maksatnamasyna girýän welotrek görnüşleri boýunça türgenleşik işlerini geçirer.
05.09 2015
Paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň atçylyk sport toplumlarynda güýzki at çapyşyk möwsümi balaga aldy. Ol düýnä belli ahalteke bedewleriniň mekanynda—Türkmenistanda örän meşhur atçylyk sportunyň köpsanly muşdaklaryny ýygnady.
28.08 2015
Şu günler Bolgariýanyň Plowdiw şäherinde taekwondo boýunça /ITF görnüşi/ geçirilýän dünýä çempionatynda ýygyndymyz ilkinji medaly gazandy. Mähri Agaýewa “aýratynlykdaky tullar” /toplumlaýyn maşklar/ görnüşinde hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.
26.08 2015
Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçen köptaraplaýyn bäsleşik boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda türkmen türgenleri bürünç medallaryň ikisini eýelemegi başardylar. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň toparynda iki türgen bolup, olaryň ikisi hem Watanymyza abraýly baýrak bilen dolanyp geldiler.
23.08 2015
Aşgabat, 23-nji awgust (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň “Galkynyş” sport toplumynda uşu boýunça ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ýaryşyň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelän türgenler kesgitlenildi. Bu ýaryş bilen bilelikde ýakyn wagtlarda dünýä çempionatynda Watanymyzyň sport abraýyny goramaga erkekleriň we zenanlaryň arasynda saýlama ýaryş hem geçirildi.
12.08 2015
Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde golaýda geçen alyş göreşi boýunça Aziýanyň çempionatynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda türkmen türgenleri 3 altyn we 4 bürünç medal gazandylar.
27.07 2015
Türkmen türgeni Gülbadam Babamyradowa Taýwanda tamamlanan dzýu-do boýunça “Taipei-2015” atly Aziýanyň açyk ýaryşynda altyn medala mynasyp boldy. Lebaply 23 ýaşly halkara derejeli sport ussady 52 kilograma çenli agram derejesinde şeýle ajaýyp üstünlik gazandy.
09.07 2015
Biziň türgenlerimiz golaýda Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde geçirilen uşu söweş sungaty boýunça 8-nji halkara ýaryşynda uly üstünlige eýe boldular: Türkmenistanyň sport gazananlarynyň üsti sekiz medal bilen ýetirildi. Olaryň üçüsi altyn, ikisi kümüş we üçüsi bürünç medallardyr.
46 sahypa
Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär