Baş sahypa
\
Sport
\
Köptaraplaýyn bäsleşigiň ussatlarynyň bürünç medallary
Sport
Köptaraplaýyn bäsleşigiň ussatlarynyň bürünç medallary
Çap edildi 26.08.2015
2569

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçen köptaraplaýyn bäsleşik boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda türkmen türgenleri bürünç medallaryň ikisini eýelemegi başardylar. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň toparynda iki türgen bolup, olaryň ikisi hem Watanymyza abraýly baýrak bilen dolanyp geldiler. “Jar” sport toplumynda geçen bu ýaryşa Eýrandan, Pakistandan, Owganystandan, Belarusdan, Azerbaýjandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan 120-ä golaý türgen gatnaşdy. Ýaryşyň şeýle wekilçiliklidigine garamazdan, oňa gatnaşan türgenleriň aglabasy Özbegistanda geçen bu bäsleşigi has uly ýaryşa – şu ýylyň noýabrynda Russiýada geçjek köptaraplaýyn bäsleşik boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk hökmünde hasapladylar. Biziň toparymyzyň düzüminde 65 kilograma çenli agram derejede Yslam Orazmyradow we 82 kilograma çenli agram derejesinde Muhammetnur Meläýew hormat münberiniň üçünji basgançagyna galdylar. Şöhrat Allaýewiň we Rüstem Kuraýewiň ýolbaşçylygynda sport bilen meşgullanýan türgenlerimiziň ikisi hem ýaryşda 3 tutluşyk geçirdiler hem-de ýarym finala ýetip, bürünç medala mynasyp boldular. Köptaraplaýyn bäsleşik boýunça ýaryşlary sportuň harby on görnüşi diýip hem atlandyrýarlar. Çünki sportuň bu görnüşinde, türgenler tutluşyga çykmazdan öň uly päsgelçilikli bölümi geçýärler. Ol bölüm ylgaw ýaryşyny, beýik päsgelçiliklerden we ötüklerden geçmegi, nyşana ok atmagy we pyçak zyňmagy hem-de beýleki bäsleşikleri öz içine alýar. Eger-de, türgen ok atmakda ýa-da pyçak zyňmakda nyşanany urmagy başarmasa, onda ol jerime aýlawlaryny geçmeli. Türkmen söweşijilerine deslapky bäsleşiklerde bir jerime aýlawy hem bellenilmedi. Päsgelçilikleri geçen türgene ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda utuklar ýazylýar. Päsgelçilikli bölümden soň, türgenler ringe çykyp, garşydaşlary bilen tutluşyga başlaýarlar. Bu tutluşyklar 2 raunddan 4 raunda çenli dowam edýär. Ýöne, köplenç halatda deslapky bäsleşikleriň netijeleri, tutluşygyň ahyrky netijesini haýsy hem bolsa bir türgeniň peýdasyna çözýär. “Hanmudo” söweş sungaty Federasiýasynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Orif Buharakowyň aýtmagyna görä, türgenlerimiziň Aziýanyň açyk çempionatynda gazanan netijeleri Y.Orazmyradowyň we M.Meläýewiň halkara sport ýaryşlarynda ilkinji gezek çykyş etmegi sebäpli, örän uly üstünlikdir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary sportuň bu görnüşi boýunça sentýabryň 21-inden 26-syna çenli Russiýanyň Medyn şäherinde geçjek dünýä çempionatyna taýýarlyk görýär. Bu halkara derejesindäki iri ýaryşda ildeşlerimiz iki ýaş derejesinde – 16 ýaşa çenli we 18 ýaşa çenli ýaş toparlarynda baýraklar ugrunda bäsleşerler. Türkmenistanyň ýygyndy toparyna türgenleriň 5-si: Amirşa Kaburow (50 kilograma çenli agramda), Ylýas Berdigylyjow (55 kilograma çenli agramda), doganlar Meýlis (60 kilograma çenli agramda) we Enwer (65 kilograma çenli agramda) Kiçikakaýewler we Begençmyrat Myradow (70 kilograma çenli agramda) wekilçilik ederler.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow