Baş sahypa
\
Sport
\
Pauerlifting boýunça türkmen türgenleriniň dünýä çempionatynda gazanan üstünlikleri
Sport
Pauerlifting boýunça türkmen türgenleriniň dünýä çempionatynda gazanan üstünlikleri
Çap edildi 17.10.2016
2542

Höwesjeňler atletika bileleşiginiň (HAB) geçiren ýatan ýeriňden ýörite esbapsyz agyrlygy götermek boýunça Las-Wegasda (ABŞ) geçen, dünýä çempionatynda ildeşlerimiz altyn medallaryň ikisine mynasyp boldular. Merdan Nursähedow (83 kilograma çenli agram derejede) hem-de Döwletnazar Atanazarow (120 kilogramdan ýokary agramda) hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdylar. Türgenlerimiz öz gazanan üstünliklerini ýurdumyzyň baş baýramyna--Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşladylar. Çempionata 20-ä golaý ýurtdan 500 töweregi türgen gatnaşdy. M.Nursähedow ilkinji synanyşygynda altyn medal gazanmak üçin ýeterlik netijäni görkezmegi başardy. Ol 190 kilograma barabar agyrlygy döşünden ýokary itekläp götermegiň hötdesinden geldi. Ildeşimiz soňky iki synanyşygynda 201 kilogram agyrlygy buýrup, dünýäniň rekordyny goýmaga synanyşdy. Ýöne bu oňa başartmady. Geçen ýylyň dekabrynda geçirilen Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynda hem Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi we at gazanan sport ussady Merdan Nursähedow 190 kilogram agramy göterip, altyn medala eýe bolmak bilen Aziýanyň täze rekordyny hem goýandygyny belläp geçmek gerek. Ýörite esbaplary ulanylyp geçirilýän ýaryşlarda hem rekord netije oňa degişlidir. 2012-nji ýylda Hindistanda geçirilen Aziýanyň çempionatynda M.Nursähedow 235 kilogram agyrlygy döşünden itekläp ýokary götermegi başardy. 74 kilograma çenli agram derejede onuň Puerto-Rikoda 2012-nji ýylda geçen dünýä çempionatynda görkezen rekord netijesi hem häzire çenli saklanýar. Şonda ol bu agramda 222,5 kilogram netijäni görkezmegi başarypdy. Sport ussady Döwletnazar Atanazarowyň hem bu ýaryşda ilkinji synanyşygy onuň altyn medal gazanmagy üçin ýeterlik boldy. Ol 180 kilogram göterip, ýeňiş gazandy. Bu medal Döwletnazaryň halkara sport ýaryşlarynda gazanan ilkinji medaly bolup, onuň altyn medal bolmagy örän guwandyryjydyr. Indi pauerliftingçilerimiz 2017-nji ýylyň aprel aýynda Killen şäherinde (ABŞ, Tehas ştaty) geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görerler. Bu ýaryş hem ýörite esbap ulanmazdan geçiriler, ýöne ýaryşlar Pauerlifting halkara federasiýasynyň baýdagy astynda geçiriler. Bu ýaryşa diňe professional derejede sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan türgenler gatnaşyp bilýärler. Şeýle türgenler Türkmenistanyň ýygyndysynda hem bar.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow