Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen welosipedçileri belli tälimçiniň ýolbaşçylygynda türgenleşýärler
Sport
Türkmen welosipedçileri belli tälimçiniň ýolbaşçylygynda türgenleşýärler
Çap edildi 16.10.2016
1719

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna bary-ýogy 11 aý galdy. Şonuň üçin hem türkmen türgenleri bu iri sport ýaryşlaryna halkara hünärmenleriniň hem ýolbaşçylygynda ykjam taýýarlyk görýärler. Häzirki wagtda belli hünärmen, Russiýa Federasiýasynyň at gazanan tälimçisi Albert Kolybin Aşgabatda işleýär. Ol ýarym ýylyň dowamynda welosipedçilerimiz bilen Aziada-2017-niň maksatnamasyna girýän welotrek görnüşleri boýunça türgenleşik işlerini geçirer. Daşary ýurtly hünärmen indi 45 ýyldan gowrak wagt bäri tälimçi bolup işleýär. Albert Fýodorowiç GDA ýurtlarynyň, Efiopiýanyň, Gwatemalanyň, Perunyň, Çiliniň türgenleri bilen işleşip, onlarça welosipedçileri taýýarlady. Olaryň arasynda dünýäniň we Ýewropanyň çempionatlarynyň ýeňijileri hem az däl. A.Kolybin tälimçi hökmünde ýurdumyza ilkinji gezek gelmeýär. Onuň Aşgabat bilen tanyşlygy geçen asyryň 70-nji ýyllarynda bolup geçdi. Ol bu ýerde bäş ýyl zähmet çekdi hem-de türkmen welosportuny ösdürmäge mynasyp goşant goşdy. Ezber türgenleriň ençemesini ýetişdireni üçin Albert Fýodorowiçe “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” diýen hormatly at dakyldy. Ondan tälim alan türgenleriň hatarynda dünýäniň çempiony Wýaçeslaw Kuhtini, şeýle hem Wasiliý Kudrýaşowy, Wiktor Smirnowy we beýlekileri görkezmek bolar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldawy bilen welosport hem tutuşlygyna ähli sport hereketi bilen birlikde täzeden döredi. Kolybine ýene-de türkmen paýtagtynda işlemek barada teklip edilende ol özüniň aýtmagyna görä, birjik-de ikirjiňlemän razylygyny berdi. --Bu gezek Aşgabada gelenimde men öňküden hem has beter haýran galdym—diýip, Albert Fýodorowiç aýdýar.—Ägirt uly özgerişlikler bolupdyr! Ol göýä täzeden gurlan ýaly. Esasanam Olimpiýa şäherjigi meni haýran galdyrdy. Ol örän uly hem-de şol bir wagtyň özünde diýseň ykjam gurlupdyr. Ýapyk welotrekde men eýýäm birnäçe türgenleşikleri geçirdim hem-de onuň artykmaçlyklaryna baha berdim. Ýoluň düşekçesi ähli böleklerde örän ajaýyp edilip ýazylypdyr. Muny şeýle ynamly aýdýanymyň sebäbi maňa şeýle sport desgalary bolan 60-dan gowrak ýurtlarda bolmak miýesser etdi, ýöne Aşgadatdaky ýaly ajaýyp sport desgasyna men henize bu güne çenli gabat gelip görmändim. A.Kolybiniň türgenleşik sapaklary iş ýüzünde ýaryş bilen utgaşykly alnyp barylýar. Geçen dynç günleri Içeri işler ministrliginiň Awtosport merkezinde Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp welosportuň welotrek ýaryşlary boýunça Milli tehniki merkeziniň birinjiligi geçirildi. Iki ýaş toparyna—ýetginjekler we ulular toparlaryna bölünen türgenler iki görnüşde—şahsy kowgy ýaryşy we çykmak boýunça toparlaýyn ýaryşda çykyş etdiler. Gyzlar diňe ýetginjekler toparynda ýaryşdylar. Ol ýaryşda öňdäki üç orny Aşgabadyň “Nesil” toparynyň wekilleri Näzik Seýidowa, Aýgül Kössekowa hem-de Bahar Atahanowa degişlilikde eýelediler. Ýetginjek oglanlaryň arasynda hormat münberini tutuşlygyna Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň türgenleri Saýlaw Gylyjow (birinji ýer), Aleksandr Kusuba (ikinji ýerde) hem-de Atageldi Batyrow (üçünji ýer) eýelediler. Erkekleriň arasyndaky ýaryşda Goşunyň merkezi sport klubyna wekilçilik edýän Röwşen Amangeldiýew ýeňiji boldy. Iner Jumaýew ondan az-kem yza galyp, ikinji orny, Döwlet Baýramow bolsa üçünji orny (ikisem Milli tehniki merkezden) eýelediler. Toparlaýyn kowgy ýaryşlary örän gyzykly görnüş. Bu ýerde ýaryşa gatnaşyjylaryň hemmesi bir wagtda ýaryşa goşulyşýarlar hem-de her iki aýlawdan bir welospedçi ýapyşdan çykýar. Iň soňky galan iki türgen öz aralarynda ýeňijini kesgitleýär. Bu görnüş boýunça ýetginjekler toparynda şahsy ýaryşdaky ýaly öňdäki üç orny ýene-de S.Gylyjow, A.Kusuba we A.Batyrow eýelediler. Erkekleriň arasyndaky ýaryşda Daşoguz welaýatynyň toparyndan Arazmuhammet Nurmedow ynamly ýeňiş gazandy. Aşgabatly türgenler Atajan Orunow bilen Babageldi Seýitnazarow degişlilikde “kümüş” we “bürünç” baýraklara mynasyp boldylar.

Soňky habarlar
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
top-arrow